Zenan kalbynyň nagşy

14 Fewral 2023
525

Türkmen zenanynyň zehinine baha berjek bolsaň, onuň gaýan keşde nagyşlaryny synlaýmalydyr. Iňňe bilen dürli reňkli sapaklardan döreýän keşdeler türkmen zenanynyň zähmetsöýerliginiň, edep-ekramlylygynyň, suratkeşliginiň nyşanydyr. Ol ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýän inçe sungatdyr. Arzuw-hyýallara beslenip, yhlas bilen bejerilen keşdeler türkmeniň gymmatly mirasydyr. Şonuň üçin bu özboluşly täsin sungaty döredip bilen hem-de üstünden ýyllar, asyrlar geçse-de, şu günki güne çenli şol mukaddes senedi ösdürip, kämilleşdirip gelýän türkmen zenanynyň yhlasyna, zähmetine diňe guwanmak galýar.

Sünnälenip bejerilen keşde nagyşlary hiç mahal öz owadanlygyny, nepisligini ýitirmejek mähir-muhabbete ýugrulan täsin dünýäden habar berýär. Gyz-gelinleriň barmaklarynyň gudratyndan dörän keşdeler teşne ýüreklere ýol açýar, nusga bolup ilden-ile gezýär. Türkmen zenanynyň owadan syrly dünýäsi milli nagyşlarda öz beýanyny tapýar.

Gülnara ÝULDAŞEWA.