Türkmen hojalygynyň täsinlikleri (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

13 Fewral 2023
546

Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmenleriň ykdysadyýetiniň esasyny ekerançylyk bilen maldarçylyk hojalygy düzüpdir. Maldarçylyk bilen meşgul bolýan göçme ilata «çarwalar», ekerançylyk bilen meşgul bolýan oturymly ilata bolsa «çomrular» diýlipdir. Emma çarwalar bilen çomrularyň arasynda hiç hili üzňelik bolmandyr. Olar bir-birleri bilen berk baglanyşykly eken. Bir obada, hatda bir maşgalada çarwaçylyk bilen meşgul bolýan hem, ekerançylyk bilen iş salyşýan çomrular hem bolupdyr. Tebigy şertlere, suwarymly ýerleriň möçberine görä, käýerlerde ekerançylyk agdyklyk etse, beýleki bir ýerde maldarçylyk agdyklyk edipdir.

Türkmenistanyň tebigy şertlerine görä, ekerançylyk elmydama suw bilen baglanyşykly bolup gelipdir. Suw bilen üpjün, ekerançylyk üçin amatly ýerler Amyderýanyň orta we aşak akymynda, Murgap jülgesinde, Gürgen boýlarynda ýerleşendir. Türkmenistanda suwaryş ulgamy we dürli möçberdäki suw desgalary bolupdyr. Şolaryň iň gadymysy we ulusy Murgapda gurlan Soltanbentdir. Ol öz taryhynda birnäçe gezek ýumrulyp, ençeme gezek dikeldilipdir. ХIХ asyryň ortalarynda Murgapda Gowşut hanyň baştutanlygynda Gowşutbent, Tejen derýasynyň boýunda bolsa Mapak serdaryň baştutanlygynda Garrybent gurlupdyr. Bu bentler ilatyň ekin ýerlerini suw bilen üpjün etmekde uly orny eýeläpdir.

Gözel KADYRBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.