"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«E-S-iň» arhiwinden

Suratda: şahyr Gurbannazar Ezizow käbesi Gülnabat eje bilen. Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň,Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň,Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp,Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.

Halypa hakda söhbet

Ussat halypalar hakda näçe ýazsaň-da az. Şolaryň biri hem 49 ýaşynda aramyzdan giden zehinli ýazyjy Amanny Ataýewdir. Ol mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymydy. Amanny mugallym döredijilik işine ilki makala ýazmakdan başlaýar. Onuň makalalary heniz 7-nji synpda okaýarka, 1958-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çykýar. Kem-kemden uly göwrümli oçerkler, zarisowkalar, hekaýalar ýazyp ugraýar. Onuň bir perdeli pýesasy 1962-nji ýylda 10-njy synpda okaýarka «Ýazylyp berleni şüd-ä...» diýen at bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde, 1963-nji ýylda «Şahyryň söýgüsi» atly ilkinji hekaýasy «Lenin baýdagy» (häzirki «Maru-şahu jahan») gazetinde çap edilýär. Ýaş ýazyjynyň «Açyş», «Gyz abraýy», «Äpet adam» ýaly eserleri-de giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasyna eýe bolýar. 1989-njy ýylda A.Ataýewiň edebiýatymyzyň taryhy hakyndaky makalasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň baýragyna mynasyp bolýar. Onuň ilhalar eserleri elden-ele geçip okalýar. Amanny mugallym bilimli hem durmuş tejribesi ýetik adamdy. Ol islendik ýagdaýda özüniň degerli maslahatlaryny bererdi.

Magtymguly we «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar»

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Ýolugra bahar paslynyň ýakymly howasynyň ähmiýeti barada,  şäheriň ekologik meseleleri barada gürrüň berip barýarka, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň seleňläp görünýändigini, dag etekleriniň özboluşly gözelliklerini nazara alyp, bu ýerdäki köpriniň bezeg işlerinde şu sazlaşygyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz hormaty durmuşy işlerinde we ajaýyp eserlerinde has aýdyň şöhlelenýär. 6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek barada beren görkezmesi hem bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. Ynha, elimizde Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp eseri. Öň bu eseri telim gezek okan hem bolsak, ýene elimize alanymyzy kem görmeýäris. Çünki bu eserde pederlerimiziň milli häsiýetine, ýol-ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň durmuş gollanmasy hökmünde

Türkmen topragyny şöhrata beslän

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek we goramak ulgamynda amala aşyrylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda has-da giň gerime eýe bolýar. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çekip, bu abraýly guramanyň doly ygtyýarly agzasy boldy. 1995-nji ýylda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistanda hem ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.

Zergärçilik sungatyna bagyşlanan neşir

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi köp ýyllaryň dowamynda toplanan we öwrenilen milli zergärçilik sungatyna degişli bezeg önümleri barada kitap taýýarlady. Ol «Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary» ady bilen çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Halkymyzyň baý medeni mirasy, senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary zehiniň we zähmetiň kämil sazlaşygyny özünde jemlemek bilen, türkmenleriň zenanlara goýýan sarpasynyň örän belentdigini tassyklaýar. Munuň özi köpöwüşginli gözelligiň, durmuşa söýginiň aýdyň nyşany bolup, göwünlere ylham paýlaýar» diýip belleýşi ýaly, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary türkmenleriň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. Bu gymmatlyklaryň gadymy hem haýran galdyryjy häzirki zaman nusgalary milli medeniýetiň, halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Iň kämil derejä ýeten amaly-haşam sungatynyň bir görnüşi-de zergärçilikdir. Halkyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Türkmen zergärçilik sungatynyň tyllaýy nusgalary» atly kitapda Döwlet muzeýiniň gaznasynda aýawly saklanýan, hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän, XIX we XX asyrlaryň başynda ýasalan milli zergärçilige degişli gymmatlyklar barada maglumat berilýär

Uýalaryň öwüşginli dünýäsi

Şu aýyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, ilçi Diego Ruiz Alonsonyň welaýatymyza amala aşyran saparynyň çäginde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň senetçileriniň döreden eserleriniň sergisi guraldy. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan sergide el işleriniň ussatlary hem-de türkmen telekeçileri elektron söwda platformalary arkaly öz işlerini halkara derejesinde satmaga mümkinçilik alýarlar. Senetçilik önümleriniň sergisine gatnaşyjylar «Handmade EXPORTS» maksatnamasy arkaly telekeçiligi ýola goýan hünärmenler bilen tanşyp, oňa gatnaşmagyň düzgünlerini öwrendiler. Işewürlere telekeçiligi ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen geçirilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenabat şäherinden tikinçi-dizaýner Gülçehra Açylowa hem bar. Häzirki wagtda onuň tikýän milli we döwrebap lybaslaryna gelin-gyzlar uly isleg bildirýärler. Tikinçi, dizaýner gelin bilen söhbetdeş bolanymyzda, onuň kiçiliginden öz saýlap alan hünärine bagrynyň badaşandygyna we bu ugra ygrarly bolandygyna göz ýetirdik.

Bir ata aşygam...

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Megerem, biz entek nähili gymmatly baýlyga eýedigimize doly akyl ýetirýän däldiris. Biziň tebigy genji-hazynamyzdan başga-da, bu baýlyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän döredijilik güýç-gaýratyndan, onuň öz Watanyna wepalylygyndan we şol topragy özgertmek ukybyna eýediginden ybaratdyr» diýip, türkmen bedewlerine bolan sylagyň, hormatyň uludygyny äşgär edýär. Türkmen edebiýatynyň taryhynda-da behişdi bedewlerimize aýratyn orun berilýär. Magrupy şahyrda şeýle ajaýyp bir goşgy bar. Ol goşgynyň ýekeje setiri bedew atyň aýdymlyk söhbedini bize ýetirýär: «Bir ata aşygam, bir-de gözele». Bu setiriň üsti bilen şahyr türkmen ýigidiniň merdana häsiýetini orta çykarýar.

Ody ölçeripdir

Öňki döwürde durmuş hajatlary üçin ulanylýan çöpür ýüp işmekde özüni görkezen ussat adamlar her ýerde-her ýerde bolupdyr. Çöpürden ýüp işilende, çöpür süýmegine eliň iki aýasyny biri-birine süýkäp tow berilýär. Tow näçe gaty bolsa, çöpür ýüp hem şonça tutnukly bolýar. Bu barada täsin bir rowaýat hem aýdylýar. Özüne göwni ýetýän üç sany ýigit bir öýde çöpürden ýüp işip oturan eken. Olaryň biri işip oturan çöpür ýüpi bilen öýüň dulunda ýatan pişigi dürtüp goýberipdir-de: «Tur, ýok bol!» diýipdir. Ikinji ýigidem ussatlygyny görkezmekde ondan pes galmandyr:

Edebimiz hem däbimiz

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna görä, her bir gyzyň başynda öz keşdelän tahýasy bolmaly eken. Gültahýalar gupbaly we gupbasyz, şaýly we şaýsyz geýlipdir. Gyzlaryň tahýasy altyn-kümüş gupbalar bilen has hem özboluşly görünýär. Ulugyzlar tahýalary saçlaryny iki örüp, öňüne atyp geýýärler. Ýaş gyzjagazlar bolsa, şaýsyz gupbajyklar oturdylan tahýalar geýipdirler. Gyz durmuşa çykanda, toý gününiň ertesi gelne baş salnanda, iki örüm saçlary üçin sylag-serpaý ýetirilip, arka atmak bilen, onuň başgabyny aýalyňky bilen çalşypdyrlar. Bu däbe «baş salma» diýilýär. Baş salnanda tahýa iň ýakyn garyndaşlarynyň biri bolan öýlenýän ýigidiň gyz jigisine sowgat berlipdir. Tahýa geýip ulalan adam ýaşlykdan ünsli bolup ýetişýär. Tahýalaryň nagyşlary dogry we göwnejaý ýerleşdirilişi, hili, nepisligi, reňkleriniň saýhallylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen zenanlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetirýän nagyşlarynyň her biriniň aýratyn manysy bar. Ýurdumyzyň Ahal, Mary sebitlerinde «gülýaýdy», «tegbent» nagyşlary salnan tahýalar ýörgünlidir.

Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhyndan

Ahalteke atlary dünýäniň beýleki atlarynyň arasynda iň gadymy tohum at bolup, sap arassa ganlylygy, duýgurlygy, owadanlygy we ýyndamlygy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewleriniň syna-sypaty, berk bedenliligi, ýyndamlygy, uzak ýörişlere çydamlylygy dünýäni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Ahalteke bedewiniň şanyna aýdylýan taryply sözler hem geçmişiň bize galdyran mirasydyr. Çünki bedewlerimiziň ylahydan berlen gudratdygyny duýanyňda, olary wasp edip, kalbyň joşýar, gursagyň guwançdan dolup, ýüregiň barha batly gürsüldeýär» diýip nygtaýar.

Keçe — könelmeýän gadymy senet

Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan el senedi bolan türkmen keçelerine uly orun degişlidir. Irki döwürlerden bäri halkymyz öz durmuşynda keçe we keçe önümlerine juda uly gadyr-gymmat goýupdyr. Hojalykda keçe önümlerine bolan islegiň artmagy olaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolmagyna we bu senediň kämilleşip, sungat derejesine ýetmegine getiripdir. Durmuşda ulanyş ýaýrawy boýunça keçe we keçe önümleri esasy orunda durupdyr. Olar ak öýlere düşek, atlara basyryk, içirgi, jul, ak öýlere durluk, üzük, serpik, keçeden düýehalyk, sandyklara örtgi, at keçe, sallançak keçe, namazlyk, dolak, keçe ädik, ojakbaşy, oýluk, keçeden bukjalar hökmünde giňden peýdalanylypdyr. XIX asyrda türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar N.K.Murawýow, O.S.Karelin, M.G.Galkin we beýlekiler her bir türkmen öýüni owadan türkmen halylary bilen bir hatarda keçeleriň bezeýändigini belläp geçipdirler. Ahal türkmenleriniň etnografiýasyny öwrenen nemes alymy W.Keng öz işinde XIX asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň maldarçylyk bilen meşgul bolandyklaryny we olaryň durmuşynda keçäniň uly ähmiýetiniň bolandygyny ýazypdyr.

Çörekde eneleriň mähri bar

Çörek hakynda gürrüň edilende süňňüňe ýylylyk aralaşar. Çöregiň ýakymy, mukaddesligi, mähribanlygy kalbyňa mähir guýýar. Adamyň ömrüne hemdem bolýan çörek atly gudratly keramatda ýaşaýşyň özeni bar. Çörek bilen ýaşaýşy, ömri biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin hem mukaddesliklere gadyr goýýan halkymyz çörege sarpa goýşy ýaly, tamdyra-da, çörek bişirýänlere-de aýratyn hormat goýýar. Bu gün biz ömrüni çörek bişirip, ile-güne halal hyzmat eden göreldeli zenan Annajeren Sadykowa hakynda söhbet etmekçi. Annajeren gelnejemiz 1959-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ýedi gyzy, iki oglany dünýä inderen Ogulnabat ejäniň ömrüni çörek bişirmek ýaly asylly işe bagyşlamagy onuň gyzy Annajerene-de ýakymly täsir edýär. Ol ýaş çagadygyna garamazdan, ejesi hamyr ýugurmaga başladygy, kendirigiň başyndan aýrylman, onuň ähli hereketlerini synlap, ejesine gerek zatlaryny alyp berip, şol köwejeklär ýörer eken. Synçy ene gyzjagazynyň çörek bişirmäge bolan höwesini hemmelerden öň duýýar. Hamyr ýugrulyp, basyrylandan soňam ejesiniň haçan tamdyryň başyna çörek bişirmäge gitjekdigi hakynda gyzyklanyp, sowal baryny ýagdyryp, ynjalyk tapmaýan Annajeren çörek bişirmäge degişli bolan ähli zähmetleri ýaşajyk aňyna siňdirip başlaýar. Özi hakynda gürrüň bermegini haýyş edenimde Annajeren gelneje 12 ýaşynda wagty çörek bilen bagly bolan bir wakany gürrüň berdi. —

Şöhratly geçmişe syýahat etmekde taryhy muzeýleriň orny

Ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň taryhyny bilmek şu günümiziň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünmäge kömek edýär. Belent ösüşlere beslenen gözel Diýarymyzyň şöhratly taryhy hem, bagtyýar şu güni hem nesillerde buýsanç çeşmesidir. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalardan miras galan ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň öwrenilişi bagtyýarlyk döwründe has giň gerime eýe boldy. Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni-de ýurdumyzda hereket edýän muzeýler bolup durýar. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde aýdyň duýup bolýar.  Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Muzeýlerimiz dürli taryhy gymmatlyklara baýdyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we onuň milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin döreden mümkinçiliklerinden başlanan ýolçulyk hakyky taryhyň jümmüşine sary uzap gidýär. Halkymyzyň baý taryhyny ädimme-ädim, ýylma-ýyl diýen ýaly teswirleýän ýazgylar gadymy tapyndylar bilen aýdyň görkezilýär.

Her ädimi nusgalyk

Suratda: Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow agtyklary bilen. Türkmen aýdym-saz sungaty aňyrsy görünmeýän, näçe susup alsaň gutarmaýan hazyna meňzeýär. Şol dürler hazynasynyň iň ýagty şugla saçýanlarynyň biri-de bagşyçylyk sungaty bolsa gerek. Sebäbi dutar-gyjagyň şirin owazy bilen bir hatarda ençeme meşhur bagşy-sazandalaryň atlary-da türkmen halkynyň süňňüne siňendir. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ägirtleriniň biri, Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň adynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ýörite sungat mekdebine dakylmagy hem ussatlara, halkyň ykbalyndan orun alan senetlere goýulýan sarpanyň ýene bir nyşanyna öwrüldi. Şeýle joşgunly günlerde Sahy aga bilen baglanyşykly eşiden bir wakamy okyjylara ýetiresim geldi.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşýanlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Annaseýit Annamyradowdyr. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň ady dakylan çowlugy Annaseýit Annamyradow hemişe döredijilik gözleglerinde. 1986-njy ýylyň baharynda düşürilen bu suratda ussat sazandanyň halypa dutar ussasy Baýram Hojamuhammedow bilen özara pikir alyşýan pursaty şöhlelendirilýär.

Täjigistanyň gadymy binalary

Dostluk ýurt bolan Täjigistanyň esasy hazynalarynyň biri onuň taryhy ýadygärlikleridir. Bu dostlukly ýurduň taryhy barada söhbet açýan künjekleriň käbirini okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. ISTARAWŞAN — Täjigistanyň Sogiý welaýatynyň iri şäherleriniň biri. Ol ýurduň demirgazygynda, Türküstan gerşiniň dag eteklerinde, Hojent şäherinden 78 kilometrlikde ýerleşýär.

Magtymguly we liriki çeper keşpler ulgamy

Alym Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar» diýen parasatly sözleri biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi. Beýik söz ussady Magtymgulynyň ilkinji sowadyny öz kakasy, döwrüniň meşhur alymy we akyldary Döwletmämmet Azadydan öwrenendigine onuň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setirleri güwä geçýär. Magtymgulynyň halypalary diýlende, kakasy Döwletmämmet Azadynyň gapdalynda ýene bir beýik şahsyýetleriň biri göz öňümize gelýär. Ol — Durdy şahyr. Kakajan Ataýewiň «Edebi tapyndylar» diýen kitabynda: «Magtymguly sorag-jogap aýdyşyp, uly synagdan geçende, Durdy şahyr oňa ýüzlenip: «Sen uly şahyr bolarsyň. Meniň kitaplarymy ýel alar, sil alar, seniňkini il alar. Meniňki ýiter gider, seniňki biter» diýenmiş» diýen maglumat bar. Kitapda getirilen rowaýata görä, Magtymgula ilkinji bolup göz ýetiren hem Durdy şahyr bolsa gerek.

Nalyň altyn-kümüşdendir

Gahryman Arkadagymyz 1-nji aprelde Arkadag şäherine sapary mahaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyna ünsi çekip, parasatly halkymyzyň ruhy dünýäsinde nalyň şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde görülýändigini gürrüň berdi. Şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýokary okuw mekdebiniň bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýratyn belledi. Taryha baý ýurdumyzyň goýnunda müňýyllyklaryň açylmadyk syrlaryny saklap gelen arheologiýa ýadygärliklerinden atyň dürli heýkeljikleri, şaý-sepleri, şonuň ýaly-da nalyň dürli görnüşi ýüze çykaryldy. Şähryslamdan tapylan, demirden ýasalan atyň nalynyň bir nusgasynyň uzynlygynyň 11, aralykdaky oýtumynyň 8, ininiň 9, galyňlygynyň 2 santimetre barabar bolup, onuň häzirki döwürde bedewlere kakylýan nalyň ölçegi bilen gabat gelmegi ahalteke atlarynyň orta asyrlara degişli taryhy barada gymmatly maglumatlary berýär.

Akyldaryň arzuwlan zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, onuň dürdäne eserlerinde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, halallyk hakynda paýhasly ýörelgeleri wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Akyldar şahyr öz goşgulary bilen türkmen halkynyň erkinlik, agzybirlik, döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuw-hyýallaryny giňden beýan edipdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň kalbynda ata Watana, mukaddes topraga söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň pähim-parasatly eserleri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, dünýä halklarynyň birnäçesiniň dillerine terjime edildi. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly çuňňur pähim-paýhasa eýlenen kitabynda «Magtymgulynyñ şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyñ buldurap akýan, çuň mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyñ ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Parasatly pikirler

Dost ― dostuň aýnasy. Dost ― dost, mamla ― rast.