Halypa hakda söhbet

13 Aprel 2023
477

Ussat halypalar hakda näçe ýazsaň-da az. Şolaryň biri hem 49 ýaşynda aramyzdan giden zehinli ýazyjy Amanny Ataýewdir. Ol mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymydy. Amanny mugallym döredijilik işine ilki makala ýazmakdan başlaýar. Onuň makalalary heniz 7-nji synpda okaýarka, 1958-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çykýar. Kem-kemden uly göwrümli oçerkler, zarisowkalar, hekaýalar ýazyp ugraýar. Onuň bir perdeli pýesasy 1962-nji ýylda 10-njy synpda okaýarka «Ýazylyp berleni şüd-ä...» diýen at bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde, 1963-nji ýylda «Şahyryň söýgüsi» atly ilkinji hekaýasy «Lenin baýdagy» (häzirki «Maru-şahu jahan») gazetinde çap edilýär. Ýaş ýazyjynyň «Açyş», «Gyz abraýy», «Äpet adam» ýaly eserleri-de giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasyna eýe bolýar. 1989-njy ýylda A.Ataýewiň edebiýatymyzyň taryhy hakyndaky makalasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň baýragyna mynasyp bolýar. Onuň ilhalar eserleri elden-ele geçip okalýar.

Amanny mugallym bilimli hem durmuş tejribesi ýetik adamdy. Ol islendik ýagdaýda özüniň degerli maslahatlaryny bererdi.

Döwletmyrat AKMYRADOW,
Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.