Uýalaryň öwüşginli dünýäsi

12 Aprel 2023
406

Şu aýyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, ilçi Diego Ruiz Alonsonyň welaýatymyza amala aşyran saparynyň çäginde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň senetçileriniň döreden eserleriniň sergisi guraldy. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan sergide el işleriniň ussatlary hem-de türkmen telekeçileri elektron söwda platformalary arkaly öz işlerini halkara derejesinde satmaga mümkinçilik alýarlar. Senetçilik önümleriniň sergisine gatnaşyjylar «Handmade EXPORTS» maksatnamasy arkaly telekeçiligi ýola goýan hünärmenler bilen tanşyp, oňa gatnaşmagyň düzgünlerini öwrendiler. Işewürlere telekeçiligi ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen geçirilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenabat şäherinden tikinçi-dizaýner Gülçehra Açylowa hem bar.

Häzirki wagtda onuň tikýän milli we döwrebap lybaslaryna gelin-gyzlar uly isleg bildirýärler. Tikinçi, dizaýner gelin bilen söhbetdeş bolanymyzda, onuň kiçiliginden öz saýlap alan hünärine bagrynyň badaşandygyna we bu ugra ygrarly bolandygyna göz ýetirdik.

Mahym ROZYÝEWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.