Akyldaryň arzuwlan zamanasy

5 Aprel 2023
490

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, onuň dürdäne eserlerinde öňe sürülýän watançylyk, agzybirlik, halallyk hakynda paýhasly ýörelgeleri wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Akyldar şahyr öz goşgulary bilen türkmen halkynyň erkinlik, agzybirlik, döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuw-hyýallaryny giňden beýan edipdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň kalbynda ata Watana, mukaddes topraga söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň pähim-parasatly eserleri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, dünýä halklarynyň birnäçesiniň dillerine terjime edildi.

Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly çuňňur pähim-paýhasa eýlenen kitabynda «Magtymgulynyñ şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyñ buldurap akýan, çuň mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyñ ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Aýgül ORAZMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.