Magtymguly we liriki çeper keşpler ulgamy

6 Aprel 2023
561

Alym Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar» diýen parasatly sözleri biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

Beýik söz ussady Magtymgulynyň ilkinji sowadyny öz kakasy, döwrüniň meşhur alymy we akyldary Döwletmämmet Azadydan öwrenendigine onuň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setirleri güwä geçýär. Magtymgulynyň halypalary diýlende, kakasy Döwletmämmet Azadynyň gapdalynda ýene bir beýik şahsyýetleriň biri göz öňümize gelýär. Ol — Durdy şahyr. Kakajan Ataýewiň «Edebi tapyndylar» diýen kitabynda: «Magtymguly sorag-jogap aýdyşyp, uly synagdan geçende, Durdy şahyr oňa ýüzlenip: «Sen uly şahyr bolarsyň. Meniň kitaplarymy ýel alar, sil alar, seniňkini il alar. Meniňki ýiter gider, seniňki biter» diýenmiş» diýen maglumat bar. Kitapda getirilen rowaýata görä, Magtymgula ilkinji bolup göz ýetiren hem Durdy şahyr bolsa gerek.

Çarygeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.