Her ädimi nusgalyk

6 Aprel 2023
493

Suratda: Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow agtyklary bilen.

Türkmen aýdym-saz sungaty aňyrsy görünmeýän, näçe susup alsaň gutarmaýan hazyna meňzeýär. Şol dürler hazynasynyň iň ýagty şugla saçýanlarynyň biri-de bagşyçylyk sungaty bolsa gerek. Sebäbi dutar-gyjagyň şirin owazy bilen bir hatarda ençeme meşhur bagşy-sazandalaryň atlary-da türkmen halkynyň süňňüne siňendir. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ägirtleriniň biri, Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň adynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ýörite sungat mekdebine dakylmagy hem ussatlara, halkyň ykbalyndan orun alan senetlere goýulýan sarpanyň ýene bir nyşanyna öwrüldi. Şeýle joşgunly günlerde Sahy aga bilen baglanyşykly eşiden bir wakamy okyjylara ýetiresim geldi.

Aýnur ARATJANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.