"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şypaly gyrmyzy

Gülälek reňkli, gülälek kimin näzik hem näzli gyrmyzymyz bar. Ýagyşlarda durlanan, Aýdan-Günden nurlanan, ertiriň şapagy ýaly gyzyl gyrmyzymyz bar. Elleseň, eliňe aýan, sözleseň, waspynda beýan, owazly, sazly, derde şypaly gyrmyzymyz bar. Türkmen ilimizde gyrmyzy kesel bejeriji hökmünde-de öňden ulanylyp gelinýär. Ýaşyna garamazdan, käbir adamlara gyzamyk çykýar, ýagny adamyň bütin endamyna künji pürkülen ýaly gyzyl örgün örýär. Örgün örüp gaýdýança, gyzamykly adama ideg-esewan, em edilýär. Gyzamykly adama gyrmyzy eşik (köýnek) geýdirilýär. Ýanynda gargy tüýdükde, dutarda saz çaldyrylýar. Köplenç, gyrmyzy hakda aýdym aýdylýar. Gyrmyzy hakda gyzykly gürrüň edilýär. Şeýlelikde, gyrmyzy gyzamyga em bolýar.

Tara we taraçy

Tarada dokalýan önümlere, olaryň köp dürli görnüşlerine we hiline garamazdan, keteni, gyrmyzy diýilýär. Keteni diýmek gyrmyzy, gyrmyzy diýmek hem keteni diýmegi aňladýar. Keteni geýimlikler üçin 30 — 34 santimetr inlilikde (ýagny bir garyşda agsak sere), saçyň tary ýaly inçe ýüpekden niçeme tarlar (erişler) ýüwürtmeli. Ol tarlary ýekeme-ýeke gülelerden geçirmeli. Soň ol tarlary jübüt-jübüt sazdan geçirmeli. Güleler (küjüler), tarlaryň sany näçe bolsa, şol tarlary göterip durýarlar. Gozakda duran aýaklaryň bilen gezekme-gezek üzeňňä basanyňda, tarlaryň (erişleriň) arasy açylýar, eliň bilen argaçly mäkini tarlaryň arasyndan geçirmeli. Saz bularyň hemmesini sazlaşdyryp, ýüpegiň tarlary dokalýar, ajaýyp keteniler emele gelýär. Bu ajaýyp sazlaşyga «tara dokamak» diýilýär. Dokaýanlara bolsa «taraçy» diýilýär.

Milletiň mähribanlary kalplarda baky ýaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli dessurlarymyzy hormatlamak, türkmençilik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek babatdaky beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yhlasly tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. 18-nji aprelde mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň yzysüre gadymy Yzgant obasyndaky Abyl Işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap beren agzaçar sadakasy halkymyza hatyra edebini berjaý etmegiň göreldesi boldy.

Manyly ömür

Eger sözde gudrat, keramat bar bolsa, şol gudrat ene diýen sözden başlanýar. Hemme zat eneden başlanýandyr. Ýaşaýyş eneden başlanýar. Ene mukaddeslikdir, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär. Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak patasyny almaga howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Pygamberimiz: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip aýdyp geçipdir ahyryn. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy. Çeper hem-de dokumental filmler surata düşürildi. Şol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýän hem olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýän hem eneler.

Agzybirligiň we jebisligiň baýramy

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen Oraza baýramy giňden bellenilýär. Munuň özi berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak babatdaky beýik işleri dabaralandyrýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip,  wasp eden bu ajaýyp aýynyň nurana baýramyny milli däplerimiz esasynda bellemek üçin döredilýän şertler bolsa ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşiniň aýdyň keşbini görkezýär.

Magtymgulynyň şygyrlarynda sagdyn jemgyýetiň beýany

Öwüt-nesihata, çuňňur parasata ýugrulan setirleri bilen adamzat kalbynyň şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň jemgyýete, her bir ynsana durmuşda dogry ýol görkezýän goşgulary asyrlar aşsa-da könelmän, gaýtam, ýaňy dogan Gün ýaly şöhle saçyp, ýagşylyga, haýyr işe çagyrýar. Halkymyz üçin mert bilen namardy, halal bilen haramy, haýyr bilen şeri, ýagşy bilen ýamany ölçeýän ölçeg daşyna barabar ol setirleriň köpüsi durmuş ýörelgesine, nakyllara siňip, ebedilik hemramyza öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Pyragynyň döredijiliginde sagdynlyga, ruhubelentlige, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynda ynsan saglygynyň gymmaty, ony aýap saklamak, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak barada düýpli pikir ýöredilýär. Şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýändigi bolsa, şahyryň Hakdan içen zehinini subut edýän ýagdaýlaryň biridir.

Halkymyzyň ruhy-ahlak däpleriniň dowamatlylygy

Täze taryhy eýýamda gadymdan gelýän milli däplerimizi aýawly saklamak, jemgyýetde milletiň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 18-nji aprelde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.

Ene mähri — dünýäni saklap duran güýç

Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn. * * *

ORAZA BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

2023-nji  ýylyň  21-nji  aprelinde  türkmen  topragynda  her  bir  ynsanda    ahlak  arassalygyny, sabyr-kanagatlylygy, şükranalygy,  ruhy  tämizligi   terbiýeleýän  mukaddes   Oraza  baýramy  döwletli ojaklary  mähri  bilen  ýyladar.  Oraza  aýy   Gündogar  halklarynyň   köpüsiniň  taryhy-medeni  kökleriniň  umumydygyny  kesgitleýän,  ynsanlary  biri-birine  ýakynlaşdyrýan, ahlak  päkliginiň  dessurlary  berjaý  edilýän  ajaýyp  günleri  öz  içine  almak  bilen,  onuň   ynsanperwerlikde, agzybirlikde  garşylanmagy   türkmen  halkynyň  parahatçylyk  söýüji  ösüş ýolundan  batly  gadamlar  bilen  barýandygynyň  subutnamasydyr. Oraza  baýramynyň  saba-säherleri  ýagşy  dilegler bilen  başlanar. Milli  däp-dessurlarymyza  görä, her bir  adam  baýramçylyga  niýetläp  tikinen  täze  lybaslaryny  geýer. Desterhanlar   milli  tagamlar bilen  bezeler. Oraza  aýynyň  mukaddesligi  bilen  nurlanan  kalplar  biri-birini  gutlamaga  howlugar. Ene-mamala

Milli mirasym — baýlygym

Halkymyzyň ajaýyp nepis sungatynyň asyrlara aşyp, biziň şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümize gelip ýetmegi üçin ata-babalarymyz öz döreden sungatlaryny örän nepislik we ajaýyplyk bilen ýerine ýetiripdirler. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýerleşdirilen nusgawy eserler munuň hakykatdan hem şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Şol eserleriň arasynda ussat halypa suratkeşlerden Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýarly Baýramowyň, Annadurdy Almämmedowyň, Babageldi Owganowyň, Yzzat Gylyjowyň, Işanguly Işangulyýewiň döredijiligine degişli eserler köpleriň ünsüni çekýär. Şolaryň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň türkmeniň nesilbaşysy bolan Oguz han atamyza bagyşlap döreden uly göwrümli «Oguz han» atly ajaýyp eseridir. Bu işiň merkezinde milli eginbaşly gyzyl geýimde Oguz han atamyz bolup, onuň sag we çep gapdalynda alty oglunyň keşbi ýerleşdirilendir. Oguz han atamyzyň arka tarapynda tagtynyň üstünde ýerleşdirilen haly Masson tarapyndan gadymy Altaý dagynyň depesinden tapylan gadymy «Pazyryk» halysynyň şekilidir. Bu haly 1948-nji ýylda tapylyp, onuň ýüzündäki nagyşlar we şekiller halynyň gadymy türkmenlere degişlidiginden habar berýär. Onuň ýüzündäki nagyşlar we şekiller, halynyň çarçuwasyndaky aýlanyp duran sugunly esgerleriň şekilleri bir günüň dowamyndaky 24 sagady we Oguz han atamyzyň al

Ahalteke bedewi — şöhratymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz şanly ösüşlere beslenýär. Şol ösüşler milli ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýar. Ahalteke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr. Ahalteke bedewleri çydamlylygy, asyllylygy, duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen äleme bellidir. Bu bedewler atçylykda iň kämilidir we gadymysydyr. Ahalteke atlary hakynda ýa-da olaryň syrly dünýäsi barada söhbet edýän gat-gat kitaplaryň ençemesi ýazylypdyr. Ata-babalarymyz olary köp ýyllaryň dowamynda uly yhlas-alada bilen kemala getiripdir. Türkmeniň behişdi bedewleriniň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä içre özboluşly ýalkym saçyp, buýsanjymyzy artdyrýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň giň gerimlere eýe bolmagy bilen, atşynaslaryň amatly şertlerde işlemegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ata-babadan gelýän seýisçilik sungatyny has-da ösdürmek, kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek barada uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby türkmen halkynyň bedewe bolan çäksiz söýgüsini, çuňňur sylag-hormatyny, sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu ajaýyp kitap türkmen atçylygyna bagyşlanan wajyp ylmy eserdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy bat

Asman gudraty — ylahydan berlen gudrat

örküni bedewe baglan türkmeniň durmuşyna täzeçe aň ýetirmegiň nusgasy bolan kitaplar hakynda söz Kitapdan gowy sowgat barmyka?! Elbetde, ýok. Gowy kitap ynsan ýüreginde hormatly ornuny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplary milli gymmatlyklarymyza meşhurlyk getirdi. Bu eserler diňe bir türkmen ili däl, eýsem, bedewleri söýýän dünýä okyjylary tarapyndan eý görlüp okalýar. Halkymyzyň watançylygynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny adamyň tebigat bilen bitewiligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslarda açyp görkezýän bu eserler biri-biriniň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Iň bir buýsandyryjy ýeri hem maglumatlara baýdygy bilen has-da haýran galdyrýar. Milletimiziň taryhyna we medeniýetine çuňňur düşünmäge hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde adamzat medeniýetiniň ösüşini öwrenmekde hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri baradaky eserleri taýsyz gollanma bolup hyzmat edýärler. Hut şonuň üçin hem eserleriň wagt geçdigisaýyn gymmaty artýar. Taryhymyzy öwrenmekde bolsa olar tapylgysyz gollanmalardyr.

Tymsallar

Ilkinji perişde Dünýä inmegine bir gün galan çaga Ýaradana şeýle sowal berdi:

Akyldar şahyryň sarpasy belent

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanynda eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet bolmak, Watan, gahrymançylyk, agzybirlik, il-ýurt hakyndaky şygyrlary ýüreklerde baky orun tutdy. Şahyryň döwlet gurmak hakyndaky pikirleri watançylyk temasyna ýugrulyp, goşgularynda adalatly, rehimli, ynsanperwer baştutanyň bolmagy baradaky ýürek arzuwlary beýan edilýär. Ol öz ýurduny, halkyny, ýürekden söýüpdir hem-de türkmeniň berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde rahat ýaşamagyny arzuw edipdir.

Taryhymyzyň tylla teňňeleri

Türkmen topragy taryhy ýerlere we ýadygärliklere juda baý. Şol taýsyz gymmatlyklar dünýäniň ünsüni özüne çekip, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhyny-da hertaraplaýyn öwrenmekde olaryň belli bahasy ýokdur. Türkmenistanyň çäginden we dünýäniň dürli ýerlerinden tapylan, ata-babalarymyzyň guran kuwwatly döwletlerine degişli bolan teňňeler hem şol gymmatlyklaryň aýrylmaz bir bölegidir. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen döwletlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bu günki berkarar döwletimiziň mizemez sütünine öwrüldi. Şol ýörelgeleri çuňňur öwrenmek medeni mirasymyzy, baý taryhymyzy öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki olarda halkymyza degişli gymmatlyklar, geçen müňlerçe ýyllyk ýolumyz jemlenendir. Akyldar ata-babalarymyzyň, alymlarymyzyň ýazyp, bize galdyran kitaplary, ýiti zehinleriniň netijesinde kemala gelen beýleki ajaýyp işleri hem bahasyz mirasymyzdyr. Gazuw-agtaryşlar esasynda tapylan gymmatlyklar-da şol mirasyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu babatda orta asyrlara, Beýik Seljuk döwletine degişli bolan, altyndan zikgelenen teňňeler möhüm orny eýeleýär. Olar döwlet resminamalary, sungat eseri, taryhy we epigrafik çeşmeler hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr.

Dehistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 ― 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmegiň we onuň baý milli medeni mirasyny aýap saklamagyň, geljek nesillere ýetirmegiň hem-de olary syýahatçylyk ulgamyna girizmegiň täze tapgyryna badalga berdi. Watanymyzyň ähli sebitlerinde saklanyp galan arheologiýa ýadygärlikleri milli medeni mirasymyzyň gymmatly bölegini düzýär. Şeýle hem olar taryhy öwrenmegiň möhüm hem-de ygtybarly çeşmesi bolup durýar. Geçen müňýyllyklaryň dowamynda bolup geçen wakalaryň «janly şaýady» bolan, ylmy babatda örän gymmatly ýadygärlikler biziň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem örän kändir. Halkymyzyň has irki we orta asyrlardaky gojaman taryhynyň şan-şöhraty gadymy Dehistan döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän gadymy galalar, şäherler we ol ýerlerdäki minaralar, metjitler, howuzlar, kerwensaraýlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde goraghananyň çäklerindäki ajaýyp taryhy we medeni ýadygärlikler hökmünde orta asyryň görnükli binagärlik sungatyndan habar berýän iki sany minarany, juma metjidiniň baş girelgesiniň iki gapdalyny, orta asyr şäheriniň içki we daşky gorag diwarlarynyň käbir gö

Türkmeniň milli guwanjy

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri halkymyzyň çüwen bagtynyň nyşany, toý-baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün at-owazasy äleme ýaň salýar. Türkmen halky bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenilip geçilýär.

Döwek

Öwek-öwek,Towşan döwek – diýip başlanýan sanawajy köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek. Ýöne ondaky «döwek» sözüniň manysyna kän bir üns bermeýän bolmagyňyz mümkin. Ol harman, hasyl bilen bagly düşünje.

Gadymy hem müdimi mirasly halk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-nyň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG – bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr. BMG-nyň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ýagny, ÝUNESKO bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda h

Türk­men ha­ly­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ryň ýyl ýaz­gy­la­ryn­da

Ha­ly­çy­lyk türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň has ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu in­çe ne­pis sun­gat öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­men me­de­ni­ýe­ti» at­ly ki­ta­byn­da: «Türk­men top­ra­gyn­da bo­lan dün­ýä bel­li alym­lar, ja­han­keş­de­ler sun­gat tä­sin­lik­le­ri­ne eý­le­nen türk­men ha­ly­sy­nyň ja­dy­laý­jy güý­je eýe­di­gi­ni ýaz­gy­la­ryn­da gaý­ta-gaý­ta ýat­lap ge­çip­dirler» di­ýip bel­le­ýär. Ha­ly ba­ra­da­ky ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri, hu­su­san-da, XVIII—XIX asyr­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan gal­dy­ry­lyp­dyr. Olar­dan 1831 — 1832-nji ýyl­lar­da Merw­de bo­lan A.Bors­ny, şeý­le-de dür­li ýyl­lar­da ýur­du­my­za sy­ýa­hat eden Eýh­wal­dy (1825 ý.), N.N.Mu­raw­ýe­wi (1825 ý.), G.S.Ka­re­li­ni gör­kez­mek bo­lar. Aý­ra­tyn-da sy­ýa­hat­çy, wen­ger aly­my A.Wam­be­ri bu ugur­dan köp mag­lu­mat­la­ry gal­dy­ryp­dyr. Ol öz sy­ýa­ha­ty­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça çap et­di­ren ma­te­rial­la­ryn­da türk­men­le­riň dok­ma­çy­lyk, zer­gär­çi­lik, hu­su­san-da, ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň iň­ňän öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, örän us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän şol se­ne­diň deň­siz-taý­syz­dy­gy­ny bel­läp­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­ny, şol san­da, ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny öw­ren­mek­de gün­do­ga­ry öw­re­ni­ji rus alym­la­ry­nyň ara­syn­dan K.M.Ob­ru­çe­wiň,