Dehistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

17 Aprel 2023
406

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 ― 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmegiň we onuň baý milli medeni mirasyny aýap saklamagyň, geljek nesillere ýetirmegiň hem-de olary syýahatçylyk ulgamyna girizmegiň täze tapgyryna badalga berdi.

Watanymyzyň ähli sebitlerinde saklanyp galan arheologiýa ýadygärlikleri milli medeni mirasymyzyň gymmatly bölegini düzýär. Şeýle hem olar taryhy öwrenmegiň möhüm hem-de ygtybarly çeşmesi bolup durýar. Geçen müňýyllyklaryň dowamynda bolup geçen wakalaryň «janly şaýady» bolan, ylmy babatda örän gymmatly ýadygärlikler biziň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem örän kändir. Halkymyzyň has irki we orta asyrlardaky gojaman taryhynyň şan-şöhraty gadymy Dehistan döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän gadymy galalar, şäherler we ol ýerlerdäki minaralar, metjitler, howuzlar, kerwensaraýlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde goraghananyň çäklerindäki ajaýyp taryhy we medeni ýadygärlikler hökmünde orta asyryň görnükli binagärlik sungatyndan habar berýän iki sany minarany, juma metjidiniň baş girelgesiniň iki gapdalyny, orta asyr şäheriniň içki we daşky gorag diwarlarynyň käbir görnüşlerini görkezmek bolar. Dehistan şäheriniň öz zamanasynda umumy tutýan meýdany 200 gektardan-da gowrak bolup, bu ýerde ýaşaýyş diýseň ösen derejede gaýnap joşupdyr.

Şatlyk ILMYRADOW,
çagyryş boýunça harby gullukçy, kiçi seržant.