Şypaly gyrmyzy

21 Aprel 2023
687

Gülälek reňkli, gülälek kimin näzik hem näzli gyrmyzymyz bar. Ýagyşlarda durlanan, Aýdan-Günden nurlanan, ertiriň şapagy ýaly gyzyl gyrmyzymyz bar. Elleseň, eliňe aýan, sözleseň, waspynda beýan, owazly, sazly, derde şypaly gyrmyzymyz bar. Türkmen ilimizde gyrmyzy kesel bejeriji hökmünde-de öňden ulanylyp gelinýär. Ýaşyna garamazdan, käbir adamlara gyzamyk çykýar, ýagny adamyň bütin endamyna künji pürkülen ýaly gyzyl örgün örýär. Örgün örüp gaýdýança, gyzamykly adama ideg-esewan, em edilýär.

Gyzamykly adama gyrmyzy eşik (köýnek) geýdirilýär. Ýanynda gargy tüýdükde, dutarda saz çaldyrylýar. Köplenç, gyrmyzy hakda aýdym aýdylýar. Gyrmyzy hakda gyzykly gürrüň edilýär. Şeýlelikde, gyrmyzy gyzamyga em bolýar.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.