Halyçylyk türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Bu inçe nepis sungat öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen topragynda bolan dünýä belli alymlar, jahankeşdeler sungat täsinliklerine eýlenen türkmen halysynyň jadylaýjy güýje eýedigini ýazgylarynda gaýta-gaýta ýatlap geçipdirler» diýip belleýär.
Haly baradaky ýazuw ýadygärlikleri, hususan-da, XVIII—XIX asyrlaryň syýahatçylary tarapyndan galdyrylypdyr. Olardan 1831 — 1832-nji ýyllarda Merwde bolan A.Borsny, şeýle-de dürli ýyllarda ýurdumyza syýahat eden Eýhwaldy (1825 ý.), N.N.Murawýewi (1825 ý.), G.S.Karelini görkezmek bolar. Aýratyn-da syýahatçy, wenger alymy A.Wamberi bu ugurdan köp maglumatlary galdyrypdyr. Ol öz syýahatynyň jemleri boýunça çap etdiren materiallarynda türkmenleriň dokmaçylyk, zergärçilik, hususan-da, halyçylyk sungatynyň iňňän özboluşlylygyny, örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän şol senediň deňsiz-taýsyzdygyny belläpdir. Türkmenistanyň taryhyny, şol sanda, halyçylyk sungatyny öwrenmekde gündogary öwreniji rus alymlarynyň arasyndan K.M.Obruçewiň, W.I.Massaiskiniň we I.Ý.Dmitriýew — Kawkazskiniň işlerini agzamak bolar.