Ahalteke bedewi — şöhratymyz

19 Aprel 2023
507

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz şanly ösüşlere beslenýär. Şol ösüşler milli ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýar. Ahalteke bedewlerimiz baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr. Ahalteke bedewleri çydamlylygy, asyllylygy, duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen äleme bellidir. Bu bedewler atçylykda iň kämilidir we gadymysydyr. Ahalteke atlary hakynda ýa-da olaryň syrly dünýäsi barada söhbet edýän gat-gat kitaplaryň ençemesi ýazylypdyr. Ata-babalarymyz olary köp ýyllaryň dowamynda uly yhlas-alada bilen kemala getiripdir. Türkmeniň behişdi bedewleriniň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä içre özboluşly ýalkym saçyp, buýsanjymyzy artdyrýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň giň gerimlere eýe bolmagy bilen, atşynaslaryň amatly şertlerde işlemegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ata-babadan gelýän seýisçilik sungatyny has-da ösdürmek, kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek barada uly aladalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby türkmen halkynyň bedewe bolan çäksiz söýgüsini, çuňňur sylag-hormatyny, sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu ajaýyp kitap türkmen atçylygyna bagyşlanan wajyp ylmy eserdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly eserleri hem türkmen bedewine bagyşlanan dürdäne eserleriň üstüni ýetirdi.

Jennet RAIMBAÝEWA,
Türkmenabat şäheri.