Taryhymyzyň tylla teňňeleri

19 Aprel 2023
420

Türkmen topragy taryhy ýerlere we ýadygärliklere juda baý. Şol taýsyz gymmatlyklar dünýäniň ünsüni özüne çekip, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhyny-da hertaraplaýyn öwrenmekde olaryň belli bahasy ýokdur. Türkmenistanyň çäginden we dünýäniň dürli ýerlerinden tapylan, ata-babalarymyzyň guran kuwwatly döwletlerine degişli bolan teňňeler hem şol gymmatlyklaryň aýrylmaz bir bölegidir.

Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen döwletlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bu günki berkarar döwletimiziň mizemez sütünine öwrüldi. Şol ýörelgeleri çuňňur öwrenmek medeni mirasymyzy, baý taryhymyzy öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki olarda halkymyza degişli gymmatlyklar, geçen müňlerçe ýyllyk ýolumyz jemlenendir. Akyldar ata-babalarymyzyň, alymlarymyzyň ýazyp, bize galdyran kitaplary, ýiti zehinleriniň netijesinde kemala gelen beýleki ajaýyp işleri hem bahasyz mirasymyzdyr. Gazuw-agtaryşlar esasynda tapylan gymmatlyklar-da şol mirasyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu babatda orta asyrlara, Beýik Seljuk döwletine degişli bolan, altyndan zikgelenen teňňeler möhüm orny eýeleýär. Olar döwlet resminamalary, sungat eseri, taryhy we epigrafik çeşmeler hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr.

Aýna GELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.