Manyly ömür

20 Aprel 2023
434

Eger sözde gudrat, keramat bar bolsa, şol gudrat ene diýen sözden başlanýar. Hemme zat eneden başlanýandyr. Ýaşaýyş eneden başlanýar. Ene mukaddeslikdir, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär. Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak patasyny almaga howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär.

Pygamberimiz: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip aýdyp geçipdir ahyryn. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy. Çeper hem-de dokumental filmler surata düşürildi. Şol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýän hem olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýän hem eneler.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.