"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Türkmen milli oýunlary gözbaşyny taryhyň gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu oýunlar diýseň köpdürlidir. Olardan «Aýterek-Günterek», «Ogar-ogar», «Altyçöp», «Gubagazlar», «Ýaglyga towusmak», «Guýruk tutdy», «Düzzüm», «Ýeditop», «Bukuldym», «Gizlenpeçek», «Doňy çöz», «Çilik», «Aşyk», «Dähedem dessem» ýaly oýunlary görkezmek bolar. Halk oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki wagtda resmi sport görnüşleri derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli göreş, at çapyşyklarydyr.

Welaýat zenanlar bölüminde

Ussat keşdeçiler bäsleşdiler Hormatly Prezidentimiziň: «Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen ganatly sözlerinden ugur alnyp, TZB-niň Merkezi Geňeşiniň we TKA-nyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň çeper elli gelin-gyzlarynyň arasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşik yglan edildi. Bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyldy.

Söz ussady Magtymguly Pyragy

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.  Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de,  eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.  

Bu sungatda näçe diýseň jady bar

Şahyryň: Bu sungatda näçe diýseň jady bar,Asyrlardan miras galan ýadygär.Ýürekdäki keşdeleri döreden Türkmen zenanynyň beýik ady bar.

Başyňyzda elwan ýaglyk

Geliň, gadymy eposymyzda Görogly begiň waspyny ýetiren elwan leçek — ýaglyk barada gürrüň edeliň. Göräýmäge, kiçiräk mata bölegine çalym edýän ýaglyk durmuşda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Iň esasy-da, owadan ýaglyklar gelin-gyzlaryň başlaryny bezeýär. Ýaglyk gadym döwürlerden bäri türkmen zenanlarynyň durmuşynda esasy orny eýeläp gelýär. Aslynda, ýaglygyň döreýşi gadymy medeniýetleriň hemmesi bilen diýen ýaly baglanyşdyrylýar, ýagny gadymy Gresiýa, Gündogarda Hytaý, Müsür, Eýran, Merkezi Aziýa degişli yslam döwletleri, Günortada Hindistan ýaly dünýä medeniýetiniň ösen ýurtlarynda ýaglyk atynmak, daňynmak bilen bagly däpler şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Alymlar ýaglygyň ilki daş asyrynda dörändigini, ilkidurmuş adamlarynyň sowukdan goranmak üçin bokurdaklaryna bir bölek ýukajyk haýwan derisini sarandyklaryny aýdýarlar. Sowukdan, yssydan goranmak üçin döredilen ýaglyk çölde ýa-da oňa golaý ýerde ýaşan halklary gumdan, tozandan, ýelden hem gorapdyr.

Gadymy çabyt biçüwi

Çabytlyk keteniden 1 metr 12 sm ölçegde dört parça kesip almaly-da, çabydyň arka tarapy üçin iki parçany dikligine gelşirip tikmeli, iki parça bolsa çabydyň öň tarapy bolar. Tikilen iki parça bilen beýleki iki parçany biri-birine gelşirip, gerşini tikmeli. Ýakanyň ýeňse giňligi 15 sm, ýakanyň aşaklygyna bagbendine çenli ýaka oýmasynyň uzynlygy 25 sm bolar. Ýeň, ýan üçin ölçelip alnan parçalar gyýylandan soň, ýeňiň uzynlygy 56 sm, omzunyň ikigatlygyna giňligi 27 sm, ýeňiň agzy ikigatlygyna 14 sm. Ýanyň ikigatlygyna etek tarapynyň ini 16 sm, ýanyň başy ikigatlygyna 9 sm. Ýanyň başyndan gyýma begeýik gyýyp, ýeňe gelşirip tikmeli. Begeýikbaşydan aşaklygyna 16 sm ýer goýup, 16 sm ölçegde jübi açmaly. Ýanlaryň ýartmaçlaryny 20 sm ölçegde açmaly.

Seždegähim hem ykbalym — Watanym

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan soňky ýyllarda okuw kitaplary, çeper edebiýatlar yzygiderli çap edilýär. Bezeg we many-mazmun taýdan ýokary hilli bolan bu kitaplar höwes bilen okalýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň «Ömrümiň durnalary» atly goşgular we poemalar ýygyndysy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şahyryň dört diwandan ybarat «Ömrümiň durnalary» atly kitabyndaky şygyrlar näzik duýgulara, çuňňur pelsepewi öwrümlere, täze öwüşginli edebi tapyndylara, öň ulanylmadyk täsin sazlaşyga baýdygy bilen tapawutlanýar. Täze kitapda ýerleşdirilen şygyrlar hil hem-de çeperçilik taýdan kämil, tematiki örüsi giň. Watan, ene toprak, il-gün hem-de yşky-liriki goşgular ýygyndyda giň orun tutýar.

Sagymçylyk hakynda

Tegen Tegen — bu sagym wagtynda mallary sagmak üçin ýönekeý gurnalan ýatagyň ady. Ony öýüň täriminden ýa-da gamşyndan iki tarapy gapyly tegelek görnüşinde gurnalan esasy ýatagyň golaýynda gurupdyrlar. Tegeniň iki gapysyna ötüp-geçmek manysynda «ötük» diýlipdir. Ötügiň birinden sagyljak mal salynsa, beýlekisinden saglan mal çykarylypdyr. Içinde köken ýüpi berkidilip, ýatagyň golaýynda edilen tegen içindäki tegelenip oturan sagymçy gelin-gyzlary daşky päsgelçiliklerden gorapdyr. Tegelenme sözünden alnan tegen ýatagynda gazyklarda daňlan göleleri boşatmaga sagymçylaryň ýanynda ýörite kömekçiler hem bolupdyr.

Goýnuň näçe ýaşynda?

Obada ýaşaýan çagalaryň goýny görmedigi ýokdur. Okuwdan boş wagtlary ata-enelerine goýun bakmaga kömekleşýänleri-de bardyr. Ýöne tokly, işşek, öweç ýaly sözleriň goýun bilen baglydygyny bilselerem manysyny aňlap bilmeýän çagalar az däl. Guzynyň nämedigini çagalaryň bilmeýäni ýok. Ol goýnuň täze dogan çagasy. Okuw kitabymyzdaky:

Hormata beslenen ömür

Halk arasynda meşhur bolan Balkan pälwanly gürrüňlerde hökmany suratda Çoluk pälwanyň we Jumamyrat pälwanyň atlary getirilýär. Bilesigelijilik islegi meni öz erkime goýman, ahyry mümkinçilik tapyp, tomsuň soňky aýynda Jumamyrat pälwanyň ogly Annamyrat aga bilen telefon arkaly habarlaşyp, onuň bilen duşuşmak üçin Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumyna bardym. Ak sakgally nurana türkmen gojasy meni güler ýüz bilen garşy aldy. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, Annamyrat aga kyblasyna mahsus bolan gürrüňçilligi bilen söhbetdeşlige başlady. Hydyr gören Ahal sährasynyň Gökdepe sebitiniň Altyýabyň suwundan suwlanyp oturan bag-bakjaly Şorgala obasynda 1876-njy ýylyň güýz paslynda türkmeniň ak öýüniň ussasy Gurbansähet Aman oglunyň döwletli maşgalasynda ikinji oglan bäbek dünýä inýär. Hepdäniň anna güni dünýä inen perzende Juma, maksat-myradyna ýetsin diýip, Myrat adyny goşup, Jumamyrat diýip at dakýarlar. «Iki aýakly – iki günde» diýlişi ýaly, Jumamyrat bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan öý hojalygynda we kakasynyň ussahanasynda ýardam berýär. Öý ýasamak üçin peýdalanýan gurallary, esbaplary we beýleki zatlary çaga bilesigelijiligi bilen öwrenmäge çalyşýar we kakasyndan hem-de doganyndan öý ýasamak üçin gerek bolýan çig mallary, olaryň saýlanyp alnyşyny, ýasalyş tilsimlerini tutanýerlilik bilen öwrenýär. Zähmetsöýer Jumamyrat berk bedenli, irimçik süňkli, güýçli he

Dost didarly daglyk döwlet

Islendik halkda-da bolşy ýaly, täjikler öz tebigy ýadygärliklerini iň uly baýlyk hasaplaýarlar. Üsti garly Pamir daglary bolsa täjik halkynyň mukaddeslikleriniň hatarynda saýylýar. Täjigistanyň daglyklary-da, düzlükleri-de size halkyň gadymy taryhy, medeniýeti barada gyzykly maglumatlary berer. Dag obalarynda gadymy tämizligini, özboluşlylygyny şol durşuna diýen ýaly saklap gelýän milli aýratynlyklary sizi has-da haýrana goýar. Bu gadymy halkyň taryhy bilen has içgin tanyşmak isleseňiz, syýahatyňyzy deňiz derejesinden 750-930 metr belentlikde, Gissar jülgesinde mekan tutunan Duşenbe şäherinden başlaň. Duşenbe dünýäniň iň beýikde ýerleşýän paýtagtlarynyň biridir. Bu ýerdäki Täjigistanyň Milli muzeýi, sözüň doly manysynda täsinlikler hazynasy.

Paýhas äleminiň parlak ýyldyzy

Öz ili, halky, ýurdy hakyndaky aladalary gerdenine almagy başaran şahsyýetleriň mertebesi hemişe-de ykraryýetini gazanmagy başarýar. Biz bu pikirimizi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy babatynda hem buýsanç bilen aýdyp bileris. Şahyryň halkyň hakydasynda hemişelik orun almagynyň esasy sebäbi halkyň naýbaşy häsiýetlerini öz şygryýet sungatynda ornaşdyrmagydyr. Şahyryň goşgularynda halkyň halaýan närseleri bilen birlikde, halamaýan närseleri baradaky meseläniň gozgalmagydyr. Il-gün tarapyndan çäksiz söýgi bilen kabul edilen goşgularyň aýdyma kybap bolmagy ikinji bir nygtalmaly aýratynlykdyr. Şeýdip, il içinde goşgynyň aýdym bolup ýaňlanýan setirleri ýaş nesiller üçin mekdep bolup hyzmat edipdir. Özbaşdak döwletli bolmak islegi bilen dem alýan türkmen halkynyň ýürek sedasyny: «Hor galmasyn puştba-puşdum, Berkarar döwlet islärin» diýip, hyýalynda gurlan döwlet baradaky göwün ýüwürtmelerini taraşlap: «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, // Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» görnüşinde halka ýetirmegi bimöçber ölçegli ynamy oýarypdyr. Iň esasy nygtamaly durmuş hakykaty, türkmen halkynyň degresi ykrar edilen hökümdarly we düzgün-tertipli döwletleriň arasynda edil döwletli ýaly ýaşamagynda bir ajaýyp hikmet bardyr. Ol hem akyldar şahyryň goşgularynyň süňňündäki ajaýyp häsiýetlerdir. Halk şol häsiýetleriň daşynda jebisleşipdir

Setirleri sünnäli

Çeper söze gadyr goýýan, sünnäli setirleriň jümmüşinden çuňňur manyny tirmäge werziş türkmen halky Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna terbiýe mekdebi hökmünde garaýar. Dogrudan hem, Pyragynyň şirin şygyrlary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin deňsiz-taýsyz gollanmadyr. Bu şygyrlarda ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, mertlik, Watany eziz görmek, dogruçyllyk, edeplilik, sabyrlylyk, agzybirlik ýaly, türkmeniň zandyna mahsus asylly häsiýetler ündelýär. Hünärli bolmagyň, zähmeti söýmegiň üsti bilen kesp-kärsiz adamyň jemgyýet üçin peýdasyzdygy aýdylýar. Şahyryň goşgularynda bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler, ata-enä hormat goýmak, olaryň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesýet edilýär. «Edebiň ýagşysy, ulyny syla» diýmek bilen, edeplilik, sylag-hormatlylyk ündelýär.

Türkmen sopuçylyk edebiýaty we Hoja Ahmet Ýasawy

Taryhda iň irki asyrlardan bäri pygamberlerden başga-da käbir ynsanlaryň, beýlekilerden tapawutlylykda, ylahy ukyplara eýedikleri barada ynanç bolupdyr. Beýle ynsanlar ýönekeý adamlar üçin Taňry tarapyndan artykmaç ýaradylyşly kişiler bolupdyr. Durmuşdaky hal we hereketlerinde görünýän käbir gudrat derejesindäki adatdan daşary saýylan geň aýratynlyklary olary beýlekilerden tapawutlandyryp, gürrüňsiz, ylahy älem bilen baglanyşdyrylypdyr. Beýle kişiler mifologik eserlerde, gadymy taryhy bolan milletleriň dessanlarynda, yslam gahrymanlary hakda beýan edilýän tezkirelerde, menkibelerdir rysalalarda, haýsy din we medeniýete degişlidigine garamazdan, ynsanlyk äleminiň ruhunda çuň yz galdyrypdyr. Keramatly adamlar, öwlüýäler, ezizler, ärler, pirler özüniň artykmaç taraplaryny milletlere kabul etdiren we bu ugurda mugjyzaly hereketleri göz bilen görlen we eşidilen mukaddes kişilerdir. Olar hakda bilinýän we aýdylýan zatlar wagtyň geçmegi bilen syrly bir düşünjä eýe bolup, keramat derejesini alypdyr. Bu şol kişiniň mertebesiniň beýlekilerden tapawutlanmagyna ýardam edipdir. San taýdan az bolsa-da, ynsanlardaky gudrat saýylan ylahy hereketler halk köpçüliginde gizlin syrlylyga höwesi, meýli oýarypdyr we olara ynanjy güýçlendiripdir.

Paryzdepäni parz bilip

Mundan birnäçe ýyl öň ýurdumyzyň alymlarynyň, taryhçy arheologlarynyň gatnaşmagynda Paryzdepe ýadygärliginde rejeleýiş işleri geçirildi. Geljekde bu ýadygärligiň heniz açylmadyk syrlaryny öwrenmek, onuň medeni gatlaklaryny, ondaky taryhy tapyndylary gözlemek we saýhallamak işleri, gönüden-göni Paryzdepäniň taryhyny açyp görkezmäge, gadymy döwürlerde bu ýerde bolan şäher we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer. Paryzdepeden tapylan küýze bölejikleri, keramik turbalar, suw geçirijileri, guýulary gurmak üçin peýdalanylan serişdeleriň galyndylary bu ýerde suw üpjünçiliginiň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-de Paryzdepe ýadygärliginde daş asyryna degişli çakmak daşdan ýasalan zähmet gurallary, orta asyrlara degişli golçalar, bürünçden ýasalan iňňebagjyklar, syrçalanan şemdan, bürünçden ýasalan naýza, toýundan ýasalan tigirler, soky daşy, talkohlorit daşyndan ýasalan gazanlar, keramik önümler: golçalar, küýzeler tapyldy. Däp bolan şähergurluşyk sungaty galalaryň, şeýle hem aýrylykda duran binalaryň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda pagsadan gurlan mülk — öýler aýratyn tapawutlanýar. Binagärlik seljermeleri mülküň haýatynyň umumy boýunyň 4 metrden beýik bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Hoş söz rehnet getirer

Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň iň söýgüli şahyrydyr. Onuň edebi mirasyna halkara derejesinde iňňän ýokary baha berilýär. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan bellemäge taýýarlyk görülýär, dürli bäsleşikler geçirilýär. Golaýda döwlet Baştutanymyz dörediji ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi geçirmek barada resminama gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guraljak bu bäsleşik şu ýylyň dekabr aýynda jemlener. Şu günler nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine degişli gymmatly maglumatlar toplanylýar. Akyldar şahyrymyz özüniň dürdäne şygyrlarynyň üsti bilen Watany söýmegi, agzybir ýaşamagy, ata-enä hormat goýmagy, edepli-ekramly bolmagy, mätäçlik çekýäne kömek etmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi ündäpdir. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan, edebi dilimizi ösdürmekde köp işleri bitiren dana şahsyýetdir.

Ussatlaryň ýörelgesi

Halypa bagşy Tuwakgylyç Gurbannyýazowyň kän gaýtalaýan wesýetleriniň biri şu eken: «Dutaryň her tirňildisi ýöne bir ses däl, özbaşyna bir many! Ony üzlem-saplam edip çalyberseň, düşnüksiz gürleýän adama meňzärsiň. Şonuň üçin her tirňildi öz aňyňyzdan, pikiriňizden gaýtsyn, ýüregiňizdäki duýgudan gaýtsyn! Hatda her sazyň başynda sazandalar boş kakuw edýärler, bu diňleýjä dutaryň kirişleriniň haýsy çeküwdeligini ýatlatmak üçin edilýär. Dutaryň çeküwi sazlaryň görnüşlerine görä düzülip, barha ýokary çeküwlere tarap galýar, tä üzülere gelinçä». * * *

Çäkýaka köýnegi

Ene-mamalarymyzyň çeper el işleriniň gadymy nusgasyna görä, çäkýaka köýnegiň ýakasy gysgarak açylsa gelşikli bolýar. Oglanjyklaryň köýnekleriniň çäkýakasyna gyýy aýlap, «okgözi», «dagdanjyk», «goşa jüýje», «alaja» ýaly nagyşlar salynýar. Onuň ýakasy «aşyk», «gapyrga» ýaly pugtama nagyşlar bilen pugtalýar. Soňra alajaly bagjyk işip, uçlaryny gotazjyklar bilen berkidip, köýnege çatylýar.

Garny ýaryk, gyzyl süýri

Altyndan hazynamyz, tylladan täjimiz bolan bugdaý alty aýda bir garyş, soňky bir aýda bolsa, alty garyş boý alýar. Biziň ene-mamalarymyz çaga hüwdülänlerinde «Ballym janyň harmany, bugdaýy il dermany», «Bugdaýyň ak unundan çelpek gelsin gyzyma» diýip, ýürek arzuwlaryny beýan edipdirler. «Garny ýaryk, gyzyl süýri, ysgynsyzyň bire-biri» diýen matalyň jogaby hem bugdaý bolmaly. Ata-babalarymyz hoş sözi uly iliň soltany saýylýan bugdaýa meňzedipdirler. Türkmen edebiýatynda adamyň ýagşy gylyk-häsiýetlisi bugdaýyň keşbinde suratlandyrylýar. Nusgawy şahyrymyz Mahmyt Gaýyby «Otuz iki tohum kyssasy» atly eserinde tohumlaryň arasyndaky jedelde:

Almytyny alan gybatçy

(Tymsal) Bir akyldaryň şägirdi uly toý tamamlanandan soň, halypasynyň ýanyna gelip: «Pylany sen barada pylan hili gürrüň etdi» diýip, eşiden gürrüňleri hakynda söz açypdyr. Şonda akyldar ondan: