Başyňyzda elwan ýaglyk

21 Sentýabr 2023
1132

Geliň, gadymy eposymyzda Görogly begiň waspyny ýetiren elwan leçek — ýaglyk barada gürrüň edeliň. Göräýmäge, kiçiräk mata bölegine çalym edýän ýaglyk durmuşda dürli maksatlar üçin ulanylýar. Iň esasy-da, owadan ýaglyklar gelin-gyzlaryň başlaryny bezeýär. Ýaglyk gadym döwürlerden bäri türkmen zenanlarynyň durmuşynda esasy orny eýeläp gelýär.

Aslynda, ýaglygyň döreýşi gadymy medeniýetleriň hemmesi bilen diýen ýaly baglanyşdyrylýar, ýagny gadymy Gresiýa, Gündogarda Hytaý, Müsür, Eýran, Merkezi Aziýa degişli yslam döwletleri, Günortada Hindistan ýaly dünýä medeniýetiniň ösen ýurtlarynda ýaglyk atynmak, daňynmak bilen bagly däpler şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Alymlar ýaglygyň ilki daş asyrynda dörändigini, ilkidurmuş adamlarynyň sowukdan goranmak üçin bokurdaklaryna bir bölek ýukajyk haýwan derisini sarandyklaryny aýdýarlar. Sowukdan, yssydan goranmak üçin döredilen ýaglyk çölde ýa-da oňa golaý ýerde ýaşan halklary gumdan, tozandan, ýelden hem gorapdyr.

Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».