Seždegähim hem ykbalym — Watanym

20 Sentýabr 2023
613

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan soňky ýyllarda okuw kitaplary, çeper edebiýatlar yzygiderli çap edilýär. Bezeg we many-mazmun taýdan ýokary hilli bolan bu kitaplar höwes bilen okalýar.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň «Ömrümiň durnalary» atly goşgular we poemalar ýygyndysy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şahyryň dört diwandan ybarat «Ömrümiň durnalary» atly kitabyndaky şygyrlar näzik duýgulara, çuňňur pelsepewi öwrümlere, täze öwüşginli edebi tapyndylara, öň ulanylmadyk täsin sazlaşyga baýdygy bilen tapawutlanýar. Täze kitapda ýerleşdirilen şygyrlar hil hem-de çeperçilik taýdan kämil, tematiki örüsi giň. Watan, ene toprak, il-gün hem-de yşky-liriki goşgular ýygyndyda giň orun tutýar.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.