Paryzdepäni parz bilip

13 Sentýabr 2023
643

Mundan birnäçe ýyl öň ýurdumyzyň alymlarynyň, taryhçy arheologlarynyň gatnaşmagynda Paryzdepe ýadygärliginde rejeleýiş işleri geçirildi. Geljekde bu ýadygärligiň heniz açylmadyk syrlaryny öwrenmek, onuň medeni gatlaklaryny, ondaky taryhy tapyndylary gözlemek we saýhallamak işleri, gönüden-göni Paryzdepäniň taryhyny açyp görkezmäge, gadymy döwürlerde bu ýerde bolan şäher we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer. Paryzdepeden tapylan küýze bölejikleri, keramik turbalar, suw geçirijileri, guýulary gurmak üçin peýdalanylan serişdeleriň galyndylary bu ýerde suw üpjünçiliginiň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-de Paryzdepe ýadygärliginde daş asyryna degişli çakmak daşdan ýasalan zähmet gurallary, orta asyrlara degişli golçalar, bürünçden ýasalan iňňebagjyklar, syrçalanan şemdan, bürünçden ýasalan naýza, toýundan ýasalan tigirler, soky daşy, talkohlorit daşyndan ýasalan gazanlar, keramik önümler: golçalar, küýzeler tapyldy.

Däp bolan şähergurluşyk sungaty galalaryň, şeýle hem aýrylykda duran binalaryň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda pagsadan gurlan mülk — öýler aýratyn tapawutlanýar. Binagärlik seljermeleri mülküň haýatynyň umumy boýunyň 4 metrden beýik bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.