Söz ussady Magtymguly Pyragy

21 Sentýabr 2023
868

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. 

Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de,  eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.  

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.