Hoş söz rehnet getirer

13 Sentýabr 2023
496

Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň iň söýgüli şahyrydyr. Onuň edebi mirasyna halkara derejesinde iňňän ýokary baha berilýär. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan bellemäge taýýarlyk görülýär, dürli bäsleşikler geçirilýär. Golaýda döwlet Baştutanymyz dörediji ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi geçirmek barada resminama gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guraljak bu bäsleşik şu ýylyň dekabr aýynda jemlener. Şu günler nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine degişli gymmatly maglumatlar toplanylýar. Akyldar şahyrymyz özüniň dürdäne şygyrlarynyň üsti bilen Watany söýmegi, agzybir ýaşamagy, ata-enä hormat goýmagy, edepli-ekramly bolmagy, mätäçlik çekýäne kömek etmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi ündäpdir. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan, edebi dilimizi ösdürmekde köp işleri bitiren dana şahsyýetdir.

Gülälek BATYROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.