"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Talyplar bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygy, häzirki wagtda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, tutuş Ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe bolýandygy barada çykyşlarda birin-birin durlup geçildi.

Terbiýeçiler bäsleşdiler

Etrek etrabyndaky 7-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny hödürlediler. Ýaş nesli bilime ugrukdyrmakda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerýän, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça okuw-terbiýeçilik işlerini guraýyşlary barada gürrüň berdiler.

Wagyz-nesihat çäresi

Mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bagtyýar ülkäniň ýaşlary biz» ady bilen geçiren wagyz-nesihat duşuşygymyza etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Nurly geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp, ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, ökde hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän atalyk aladasyndan  ruhlanýan ýaşlarymyz güneşli Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Watanyň daýanjy — edepli ýaşlar

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň biziň — hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmelidiklerini, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidiklerini ündeýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan peýdalanyp, dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýaşlary edepli-terbiýeli bolmaklyga, zyýanly endiklerden daşda durmaklyga çagyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle setirler bar: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr». Şundanam görnüşi ýaly, watansöýüji, ahlak taýdan arassa ýaşlary ýetişdirmek, olara ulyny sylamak, kiçini söýmek, il- -günüňe, halkyňa wepaly bolmak ýaly kadalary öwretmek her bir maşgalada ene-atanyň, mekdepde mugallymyň, çagalar bagynda terbiýeçiniň öňünde mukaddes borç hasaplanýar. Çünki edep-terbiýeli ýaş nesil Watanyň daýanjydyr.

Kitap — ruhy hazyna

Ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde kitaphanalaryň hyzmaty uludyr. Ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda kitaphanalaryň birnäçesi hereket edýär. Ynha, şeýle ajaýyp kitaphanalaryň biri-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasydyr. Bu kitaphana indi ençeme ýyl bäri ýaşajyk okyjylara hyzmat edip gelýär. Ol paýtagtymyzyň gözel künjeginde 1935-nji ýylda döwlet çagalar kitaphanasy ady bilen döredildi. Wagtyň geçmegi bilen, 1983-nji ýylda kitaphana Türkmenistanyň halk artisti, dramaturg Bazar Amanowyň ady dakylýar. Ýaşajyk okyjylary özünde jemleýän ajaýyp kitaphana ýedi bölümden ybaratdyr. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy iri medeni ojaklaryň biri bolup, çagalar we ýetginjekler bilen işlemek boýunça usuly merkez hasap edilýär. Bu ýerde ýaşajyk okyjylaryň çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga höweslendirmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. Medeni ojak çagalar edebiýatynyň baý hazynasyna eýedir. Kitaphanada 250 müňden gowrak hazyna birligi bar. Olaryň arasynda kitaplar, žurnallar, gazetler, ses ýazgyly materiallar, türkmen, rus, şeýle hem daşary ýurt dillerindäki neşirler ýaşajyk okyjylara hödürlenýär. Bu ýerdäki gymmatly hazynalaryň aýawly saklanylmagy üçin ähli şertler döredilen. Desganyň içinde mekdebe çenli we 1 — 4-nji, 5 — 11-nji synp okuwçylary üçin

Göwünlere ganat beren başlangyç

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýaşlara isleglerine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde mekdepden daşary tölegli okuwlary guramak, olara degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmak barada beren tabşyryklary bilim işgärlerinde uly şatlyk döretdi. Iş tejribämizden bilşimiz ýaly, käbir çagalarda eýýäm mekdepde okaýan döwründe güýçli ukyplar ýüze çykyp başlaýar. Şol ukyplar ata-eneler, mugallymlar tarapyndan goldanylyp, ýardam berilse, olaryň öz ugry boýunça ussat hünärmenler bolmak mümkinçiligi ýokarlanar.

Hünär okuwy tamamlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda «Serhet galalarynyň serkerdeleriniň taýýarlygy» hünär ugry boýunça okan serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny tamamlaýyş dabarasy boldy. Dabara institutyň serkerdeleri, harby talyplary, şeýle-de, uçurymlar gatnaşdylar. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyna Serhet gullugynyň düzüminde harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýan serkerdeler çagyryldy. Olar hünär derejesini ýokarlandyryş okuwynda kesgitlenen möhletde bilim aldylar. Olar, esasan, Serhet goşunlarynyň taktikasy, umumygoşun taktikasy derslerinden bilim derejelerini kämilleşdirdiler. Okuw möwsüminiň ahyrynda oňa gatnaşan serkerdeler okadylan dersler boýunça synaglary tabşyrdylar. Synaglardan üstünlikli geçen serkerdelere şahadatnamalar gowşuryldy.

Sanly durmuşa gadam bu gün çäksiz mümkinçiliklere ýol açýar

Ynsanlaryň täzeliklere çalt uýgunlaşmaklary olaryň tebigatyna mahsus. Şol sebäpli hem, «sanly» durmuşa geçmekde hiç hili müşgillik bolmady. Bu-da sanly ulgamyň eçilýän nygmatlarynyň ynsana berýän rahady bilen bagly bolsa gerek?! Hut sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

Ajaýyp ösüşleriň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Ýakynda Ýolöten etrabynyň sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşik üç ugurdan ybarat bolup, oňa gatnaşan okuwçylar ylmy-döredijilik, surat çekmek, el işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Üstünlikleriň açary

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek, ýaş nesliň akyl-paýhas mümkinçiliklerini we ukyplaryny doly açmak üçin giň şertleri döretmek babatynda maksada okgunly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz üns-aladalary bilen gurşalan ýaş nesiller bu gün döwrebap mekdeplerde bilim alýarlar, okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Munuň özi ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine, giň gözýetimli bolmagyna we döredijilik zehinleridir başarnyklaryny açyp görkezmegine ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda giň gerim alan bilim ulgamyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyndan hem-de «Türkmenistanda umumy we orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyndan gözbaş alýar. Agzalan resminamalar esasynda orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilime geçilip, okatmagyň möhleti halkara ölçeglerine kybap getirildi. Bu bolsa, okuwçy ýaşlara bilimini artdyrmaga we ony düýpli özleşdirmäge şert döretdi. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmak boýunça guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemek gerek. Şonuň bilen baglanyşykly, bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýa

Ýylyň mugallymy — 2021

TEJEN. Şäherdäki 2-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Şäher bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary gatnaşdy. Arzyly käriň eýeleri bolan mekdep mugallymlary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, hünär babatdaky ukyp-başarnygyny, tejribesini degişli şertleriň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de onuň netijeliligini gazanmak babatdaky başarnygyna eminler topary mynasyp baha berdiler.

Bilim özgertmeleri – döwrüň beýik ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip belleýär. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyp ýaşlara berilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy barada mugallymlar bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi gazetiň okyjylaryna ýetirýäris. — Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam ornaşdyrylyp, netijeli işler edilýär. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň beräýseňiz?

Körpelere terbiýe bermekde aýdym-sazyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär. Ýaş nesilleriň milli terbiýede terbiýelenmegi, watansöýüji we kämil bolup ýetişmekleri esasy ugurlaryň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde çagalar baglarynda geçirilýän aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti uludyr. Bu babatda Serdar şäherindäki «Gülälek» atly 9-njy çagalar bakja-bagymyzda hem talabalaýyk işler alnyp barylýar. Körpeler şadyýan sazlary gowy görýär. Olar sada dilde ýazylan aýdymlaryň sözlerini uly höwes bilen öwrenýärler, çalt özleşdirýärler. Aýdymyň sözlerini körpeler bilen bilelikde gaýtalap öwretmek olaryň ünsüni çekýär. Soňra şol aýdym saz bilen öwrenilende körpeler ony çalt ýerine ýetirip bilýärler. Has zehinli çaga aýdymy ýekelikde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilse, onda beýleki körpeler hem onuň bilen deňleşjek bolup, yhlas edýärler.

Eşretli eýýamyň eýeleri biz

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilen geçen ýyly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda taryhy özgertmelere hem-de tutumlara beslän agzybir halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem uly üstünliklere ýetmek üçin zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýär. Sebäbi 2021-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda aýratyn möhüm, aýratyn ähmiýetli ýyldyr. ªu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar. Taryhy jähetden alanyňda, bu ujypsyz möhlet bolsa-da, Arkadag Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan ösüşleri asyrlara barabar bolup, döwletimiziň dünýädäki at-abraýy arşa göterildi. Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan hemişe uly godawa eýe bolup gelýär. Ýurdumyzyň islendik ulgamyny alyp görenimizde-de, onda ýylba-ýyldan täze sepgitlere ýetilýändigine biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs. Obalarymyzyň, şäher

Berkarar Watanyň kuwwaty

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň üns berilýän meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Örän gysga döwür içinde ulgamda amala aşyrylan hem-de üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin durmuşa geçirilen anyk çäreler bilim işgärlerini örän guwandyrýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleriň hyzmatyndan peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda yzygiderli alnyp barylýan tutumlaryň ählisi bagtyýar nesle döwrüň ýokary talapla-

Bagtdan paýly nesiller

Gahryman Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen milli maksatnamalar, giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde täze bilim ojaklary gurulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşyň goýnunda ösüp-ulalýan çagalar ýurdumyzyň nurana geljegidir. Şonuň üçin hem ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, bilim--terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atanyň, bilim işgärleriniň yhlasyna baglydyr.

Zehinli ýaş­la­ryň şowly ga­dam­la­ry

Bir ge­zek akyl­dar­la­ryň bi­rin­den yly­ma kes­git­le­me ber­me­gi­ni so­rap­dy­lar. Şon­da ol: «Ylym ― ha­sy­ly­ny çöp­läp bol­ýan ekin, ho­şa­sy­ny ýyg­nap bol­ýan gal­la, mi­we­si­ni dadyp bol­ýan da­ragt­dyr, em­ma ol peý­wag­ty­na ös­ýän dü­me eki­ni däl­dir. Ylym ― deňziň düý­bün­dä­ki dür, çölüň as­tyn­da­ky ha­zy­na, dagyň gur­sa­gyn­da­ky göw­her­dir, ýö­ne ol aň­sat ga­za­nyl­ýan genç däl­dir. Ylym ― be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýän bas­gan­çak, mak­sa­da ýa­kyn­laş­dyr­ýan müm­kin­çi­lik, men­zil­le­re ýetirýän ýodadyr, ýö­ne ol ýa­daw­syz ötül­ýän ýol däl­dir» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ylym-bilim edaralarynyň işini kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler oňyn mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Bi­lim dün­ýä­sin­de ga­nat ýa­ýyp, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ylym-bi­li­me sarp ed­ýän ýaş­la­ry gö­re­niň­de, ola­ra bo­lan buý­san­jyň art­ýar. Şeý­le ze­hin­li, bi­lim­li ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­niň mun­dan beý­läk-de beý­ge gö­te­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant­ goş­jak­dyklary­na bo­lan yna­myň pug­ta­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da yl­ymy we bi­li­mi ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň aja­ýyp mi­we­si­ni eçil­ýän­digi­ türk­men ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän ders, tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de ga­zan­ýa

Ösüşleriň binýady

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyna ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly öňegidişlikler gazanylýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen we bar bolan çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Şolaryň netijesinde ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýa» kabul edildi. Şunlukda ýurdumyzda sanly ulgamyň bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrýandygy ikuçsuzdyr. Muny mugallymlaryň geçýän okuw sapaklarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Hünäre höwes, geljege ynam

Bu gojaman dünýäde her ynsan öňünde maksat goýýar we oňa ýetmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysal tapmagy ugrunda göreşýär. Özüne hünär saýlaýar, kem-kemden kämilleşýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaganyň şol döwürde öýde ene-atalar, çagalar bagynda terbiýeçiler, mekdepde mugallymlar tarapyndan mähir, üns-alada bilen gurşalyp alynmagy gerek. Şeýle bolanda, ol öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, özüne hünär saýlamagy başarýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň çagalygyndan göwün söýen kesp-käri bilen gyzyklanmaklaryny artdyrmak we okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepden daşary bilim edaralary hereket edýär. Olaryň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüdir. Indi otuz bäş ýyldan bäri işläp gelýän bu döredijilik ojagynyň bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat-sarpany kemala getirmek, edep-ekramly, bilim-sowatly, ukyp-başarnykly, zehinli hem başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bu ýerde ýaşlara halyçylyk, keşdeçilik — milli nagyş, biçimçi-tikinçi, aýdym-saz, tans, milli miras, çeper eller, ýaş tebigaty söýüjiler, ýaş aşpezler, ýaş suratçylar ýaly ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hem-de etrabyň çägindäki orta mekdeplerde bu ugurl

Nurana geljege buýsanjyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän işleri bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ýeňişli menzillere barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim binalary obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşup, gurulýan binalaryň ep-esli bölegini tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalar biziň gündelik hemramyza öwrüldi. Mähriban Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan beýik işleri türkmen ýaşlaryna baky bagtyýarlyk paýlaýar. Bu bagtyýarlykdan ykbaly şuglaly ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almaklary, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän uly tagallalar her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşynda biz — ýaşlarda Watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemegi nygtaýar. Aýratyn hem, ýaşlaryň tebigy zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin medeni-köpçülik, çeper-döredijilik bäsleşiklerini geçirip durmagy ündeýär.