Göwünlere ganat beren başlangyç

24 Fewral 2021
993

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýaşlara isleglerine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde mekdepden daşary tölegli okuwlary guramak, olara degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmak barada beren tabşyryklary bilim işgärlerinde uly şatlyk döretdi.

Iş tejribämizden bilşimiz ýaly, käbir çagalarda eýýäm mekdepde okaýan döwründe güýçli ukyplar ýüze çykyp başlaýar. Şol ukyplar ata-eneler, mugallymlar tarapyndan goldanylyp, ýardam berilse, olaryň öz ugry boýunça ussat hünärmenler bolmak mümkinçiligi ýokarlanar.

Gözel KULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.