Terbiýeçiler bäsleşdiler

24 Fewral 2021
977

Etrek etrabyndaky 7-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny hödürlediler. Ýaş nesli bilime ugrukdyrmakda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerýän, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça okuw-terbiýeçilik işlerini guraýyşlary barada gürrüň berdiler.

Täzegül MÜRZÄÝEWA,
Etrek etrap bilim bölüminiň hünärmeni.