Wagyz-nesihat çäresi

24 Fewral 2021
1126

Mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bagtyýar ülkäniň ýaşlary biz» ady bilen geçiren wagyz-nesihat duşuşygymyza etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlar barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Nurly geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp, ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, ökde hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän atalyk aladasyndan  ruhlanýan ýaşlarymyz güneşli Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Suraý TÄÇBERDIÝEWA,
TMÝG-niň Esenguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.