"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Görnükli alymyň nebitgaz senagatynda hyzmaty uludyr

Ýurdumyzda, şol sanda onuň daşynda hem belli alym Myrat Täşliýew dynç alşa çykandan soňam «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna köp gelýärdi. Ol juda pespäl hem göwnaçyk adamdy, özi ýaly alymlar, ýaş hünärmenler bilen gürrüňdeş bolmagy, ylmy derňewleri barada pikir alyşmagy, öz garaýyşlaryny paýlaşmagy halaýardy. Şeýle günlerde ol «Nebit-gaz» gazetine gelip, redaksiýanyň işi barada hem söhbetdeş bolmaga wagt tapýardy. Onuň hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenişi, döwlet we halkara derejesindäki başlangyçlary, nebit, gaz, geologiýa pudaklary, nebitgazhimiýa senagatynyň häzirki wagtda ähmiýeti we geljegi, gazylyp alynýan gaty magdanlar baradaky gürrüňleri diňleýjisini ýüpsüz baglap, düýrmegi bilen gulak salmaga mejbur edýärdi diýsem hakykatdan daş düşmejegime ynanýaryn. anymal adamlaryň düşünjesi köptaraplaýyn ösen bolýar. Alym edebiýatdan hem üzňe däldi. Hormatly

Zehinli we başarnykly ýaşlar

«7/24.tm», № 04 (87), 24.01.2022. Dünýäniň zehinli ýaşlary hakyndaky maglumatlar hemişe adamlary gyzyklandyrypdyr. Şol  ýaşlar hakyndaky gyzykly maglumatlary okyjylara hödürleýäris.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin ses ýaňlanýar? — Mähriban çagalar, sesiň näme üçin ýaňlanýandygyny bilmek üçin, ilki bilen, sesiň nämedigine doly düşünmegimiz gerekdir.

Hazar — deňizden has uly hazyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym Jumamyrat Gutlyýew Hazarýaka sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda teklipleri öňe sürýär Döwürdeş şahyrlarymyzyň biri Hazary Awazanyň aýnasyna deňäpdir. Tüýs ýerine düşen meňzetme. Çaýkanyp ýatan mawy deňiz aýna diýseň, aýna, hazyna diýseň, hazyna. Ýöne bu deňiz diňe aýna ýa hazyna däl. Ol dünýäniň iň uly köli bolmagyndan hem, Aziýadaky iň iri deňizleriň biri bolmagyndan hem has zyýada ähmiýete eýe. Ine, şol ähmiýet ýaş alym — Boldumsaz etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň býujeti jemleýji bölümçesiniň esasy hünärmeni Jumamyrat Gutlyýewiň «Hazar deňziniň sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly ylmy işinde öz beýanyny tapýar.

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri nebitgaz önümli we suwly gatlaklaryň sanynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, geologiýa kesiminde dykyz gatlaklar arkaly özara bölünen birnäçe önümli gatlaklaryň ýüze çykmaklygy, bu gatlaklaryň doýgunlyk häsiýetleriniň we basyş derejeleriniň dürli bolmaklygy, suwdoýgunly gatlaklar bilen nebitgazly gatlaklaryň ýerleşen aralyklarynyň golaý bolmaklygy, aşaky suw gatlagy bilen galtaşýan nebit gatlagynyň örän ýuka bolmaklygy we beýleki faktorlar tehniki sütünleriň, esasan hem, ulanyş sütünleriniň sement arkaly berkidilip oturdylmaklygynyň, sementiň gatlak we sütün bilen tutluşyp, berkeme derejeleriniň ýokary hilli bolmaklygyny talap edýär. Şonuň üçin guýy gazuw döwründe oturtma sütünlerini sementlemek işleri jogapkärli işleriň biri bolup durýar. Buraw gazuw işlerinde ulanyş guýularynyň oturtma sütünini sement arkaly berkitmek tamamlaýjy we iň bir çylşyrymly iş bolup durýar. Guýynyň geljekde togtaman, uzak wagtlap işlemekligi, önüm berijilik derejesi, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirme ýagdaýy, gatlaklardan alynýan nebitgaz gorlarynyň umumy mukdary, önümiň özüne düşýän gymmaty, ilkinji nobatda, sementaž işleriniň hiline bagly bolup durýar. Nebitsenagat önümçilik işleriniň netijelerinden belli bolşy ýaly, sementaž işleriniň hiliniň pes bolmaklygy guýularyň abatlaýyş işleriniň uzaga çekmekligine

Dünýäni dürli reňklerde görmek isleseň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir adam dünýäni birhili görýär. Ylym adamlary dünýäniň, durmuşyň her bir ülşünden ylmy many çykarmaga çalyşýarlar ýa-da şonuň näme üçin şeýledigini derrew ylmy esasda subut etmäge, akyl ýetirmäge we indiki boljak işleri öňünden kesgitlemäge başlaýarlar. Saz bilen iş salyşýan adamlar bolsa dünýäni notalaryň üsti bilen görýär. Olaryň eşidiş ukyby eýýäm başgaça. Olar hatda adaty adamlar üçin jansyz, sessiz bolan materiallardan hem owaz eşidýärler, şol eşidýän mukamyny bolsa gaýtadan ýene adamlara gaýtaryp berýärler. Söz sungatynyňky ýene tapawutly. Olar dünýäni sözüň üsti bilen ony okan adamlaryň hyýalynda janlandyrmagy başarýarlar. Şekillendiriş sungaty bolsa dünýäni diňe reňklerde berýär. Aňlamagy başarsaň reňkleriň manylary şeýle bir giň we çuň welin, olaryň üsti bilen temperatura, wagt, gaýgy-alada, şatlyk, tizlik, mähirdir söýgi ýaly abstrakt zatlaram duýmak bolýar.

Zehinli ýaşlar sylaglandy

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän ünsi netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman mekdepleriniň gurulmagy, ozaldan hereket edýän bilim ojaklarynyň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilmegi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Muňa mekdep okuwçylarynyň dürli derejedäki ders we taslama bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri anyk mysal bolup durýar. Ahal welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary bolsa, ýurdumyzda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we ylmy döredijilik bäsleşiklerinden başga-da okuw dersleri boýunça halkara onlaýn internet olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Okuwçy ýaşlarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan geçirilýän halkara dersara onlaýn internet olimpiadasynda gazanýan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr. Kaka etrabyndaky orta mekdepleriň okuwçylary agzalan internet olimpiadasyna 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda has işjeň gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Şonuň bilen baglanyşykly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu taryhy günlerinde etrabyň Medeniýet öýünde internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ge

Mineral dökünleriň ähmiýeti

Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolup, ony ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig maly senagat taýdan özleşdirip, has doly ulanmaga, bu ugruň eksport kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, himiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde himiýa ylmynyň, tehnologiýalarynyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Taryha baglanan ykbal

Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Ylym-bilim, döredijilik babatynda danyşmentler: «Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk» diýýärler. Ylym özüniň ýönekeý manysynda daşarky dünýä syn etmegiň netijeleridir» diýip ýazýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek, ony täzeden dikeltmek işini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bagtyýar zamanamyzda şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi öwrenmäge örän uly üns berlip, ömrüni ylym-bilim ulgamyna bagyş eden adamlaryň mertebesi belent tutulýar. Her bir halk özüniň geçmiş taryhy we medeniýeti bilen tanalýar. Taryhdan geçmişi öwrenip, şu güne göz ýetirip, geljege nazar aýlap bolýar. «Geçmişi bolmadygyň, geljegi-de bolmaz» diýlen atalar sözi tüýs taryh ylmyna bagyşlanyp, onuň ähmiýetini düşnükli dilde beýan edýär. Watanymyzyň taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren alymlaryň biri hem taryh ylymlarynyň kandidaty Ata Nuryýewdir.

Ylmy-amaly maslahat

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary şäher komiteti bilen bilelikde, professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň, institutyň ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda energetika diplomatsiýasy barada ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda alnyp barylýan energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişiniň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipeler, durmuşa geçirilýän işler hakynda giňişleýin bellenildi. Maslahata bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler hem gatnaşyp, talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüzlenip, özara sowal-jogap alyşdylar.

Bileniň — baýlygyň

Geografiki adalgalar Tebigat täsinliklerini, gözelliklerini söýmeýän, küýsemeýän bir barmyka? Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalýan geografiki gurşawyň adalgalaryny günde birnäçe gezek agzap geçýäris. Bu adalgalar adamlaryň arasynda adaty gepleşik sözleri bolup galyberdi. Men özümiň şu makalamda gürrüňdeşligimize siňip giden geografiki adalgalaryň manysyny beýan etmegi makul bildim.

Rowaýatlar — milli terbiýäniň gözli çeşmesi

Halkymyzyň ruhy hazynasynda hekaýatlardyr rowaýatlar mynasyp ornuny tapypdyr. Munuň düýp sebäbi ata-babalarymyzyň rowaýatdyr hekaýatlaryň mynasyp nesli terbiýelemekdäki ähmiýetine ençeme müňýyllyklary boýlaýan durmuş tejribesinde anyk göz ýetirendikleri bilen berk baglydyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ata-babalarymyz rowaýatlaryň, hekaýatlaryň mowzuk hem mazmun taýdan baý, täsirliligi taýdan ýiti bolmagynyň aladasyny edipdirler. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda has kämil derejede belentlige göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda halkymyzyň il-ýurduna wepadarlygy we halkyň öňüne düşüp, döwleti dolandyran şahsyýetlere ak ýürekden gulluk edişiniň beýik nusgasyny beýan edýän rowaýatlar aňa hem kalba ýetirýän täsirliligi bilen biygtyýar ünsüňi özüne çekýär. Bu kitabyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň ýene bir tarapy islendik okyjyda söz sungatymyzyň terbiýeçilik babatyndan tapylgysyz halk döredijilik eserlerini halkyň hakyda hazynasyndan we bar bolan beýleki çeşmelerden gözlemek höwesini döredýänligindedir. Nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bolan halk döredijilik eserlerimizi dikeltmekde halypaçylyk nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taryhyň gadymy gatlaklaryna siňip galan dürdäne eserlerimizi toplap, häzirki we geljekki neslimize ýetirmek mak

Dünýä genji-hazynasynyň gymmatlyklary

Her bir halkyň öz medeniýeti bar, ol şol medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar. Biziň keremli topragymyz bolsa hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr. Milletiň millet hökmünde tanalmagyna getiren türkmen medeniýeti ajaýyp ösüşleriň we kämilligiň ýoluny geçdi, dünýäniň medeni genji-hazynasyna taýsyz milli gymmatlyklaryny goşdy. Ynha, bular barada biz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty Açyldurdy Taganow bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbedimizi gözbaşyny müňlerçe ýyllardan alyp gaýdýan özboluşly milli medeni mirasymyz barada hormatly Prezidentimiziň ýazan eserlerinden başlaýsak örän ýerine düşjek. Şol eserlerde henize çenli aýdylmadyk köpsanly gymmatly pikirleriň alym hökmünde siziň ylmy gözlegleriňizde, taryhy öwretmeklik ýaly haýyrly işiňizde ýol-ýörelgelik ähmiýeti örän uly bolsa gerek?!

Alym hünärmeniň göreldesi

Watanymyzda kärine ussat, halypa alym hünärmenlere uly hormat goýulýar, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berilýär. Uzak ýyllar bäri zähmet çekip gelýän, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýulary düýpli abatlaýyş laboratoriýasynyň esasy ylmy işgäri Şyhguly Tulegenow hem şeýle hormat-sarpanyň eýesidir. Ol 1956-njy ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesinde dünýä inýär. Obasynda sekizýyllyk mekdebi okap, 1974-nji ýylda Balkanabat şäherindäki 2-nji mekdepde orta bilim alýar. Şol ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ony 1979-njy ýylda tamamlap, himik-inžener, himiýa mugallymy hünärini ele alýar. Ylma bolan höwes ony «Nebitgazylmytaslama» institutyna getirdi. 1980-nji ýylda institutyň gidrogeologiýa we geohimiýa barlaghanasynda inžener wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 1983 — 1985-nji ýyllarda şol institutyň gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmagyň täze usullary laboratoriýasynda kiçi ylmy işgär wezipesinde işledi.

Ylmy barlaglar — ösüşlere badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz GurbangulyBerdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary döwrüň talabydyr. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, institutymyzda 2014-nji ýyldan bäri «Ösüş» ylmy-barlag merkezi hereket edýär. Bu merkez ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini guraýar hem-de amala aşyrýar. Onda ylmy-barlag işler professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

Plastik we polimer önümleri ulanmagyň düzgünleri

Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatyny goramak, olary terligine, howpsuz saklamak üçin olaryň saklanyş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi zerurdyr. Azyk önümleri bilen galtaşýan önümleriň biri hem polimer materiallardan ýasalan gaplardyr. Gap-çanak plastikasy 40 ýyla golaý wagt mundan öň peýda boldy. Ylmyň häzirki zaman derejesi azyklyk harydyň görnüşine, daşamak, saklamak şertlerine, ulanylyş aýratynlyklaryna, maksadyna baglylykda berlen häsiýetleriň islendik toplumy bilen gaplama materiallary döretmeklige mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda azyk önümlerini gaplamakda polietilen, polipropilen, polistirol, poliamidler, poliwinilhlorid, polimetilmetakrilat, aminoplastlar, penoplastlar, fenoplaslar, ftoroplastlar, rezinler ýaly polimer materiallary ulanylýar. Polimer kompozisiýalaryň aglabasynyň düzüminde plastifikatorlar, dolduryjylar, gatadyjylar, reňkleýjiler, eredijiler, bug döredijiler, çalgy maddalary we polimerleriň berkligini güýçlendirýän, deformasiýasyny peseldýän, ýygrylmagyna päsgel berýän, çeýeligini, himiki durnuklylygyny, ýanmazlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Kadada bolşy ýaly, bu goşundylar we pes molekulýar garyndylar polimer bilen himiki bagly däl. Bu bolsa olaryň aýratyn şertlerde galtaşýan gurşawyna — howa, suwa, azyk önümine geçmegine getirip, adam saglygy üçin howply bolup bilýär. Ondan başga-da,

Düýe malym — dünýe malym (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly ýaş alym düýe süýdüni we çalyny toz görnüşe getirip, uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýasyny işläp düzdi Düýe çaly. Hany aýdyň, şu aňlatmany okan dessiňize siziň seriňize nämeler doldy?! Ilki bilen «sähra gämisi» ― düýe, onuň äwmän, assa-ýuwaşdan ädimleýşi, çal, çalyň gaýtalanmajak tagamy, teşneligi gandyryjy gudraty, melhemlik aýratynlyklary we ýene-ýeneler, şeýlemi?! Hemmeleriň ylalaşaýjak bir hakykaty bar. Düýe çaly hödür edilse hödürden ýüz öwrüp bilmez, onuň satylýan ýeriniň deňesinden geçeniňde bolsa, aýak çekmän geçip bolanok.

Ylym äleminiň parlak ýyldyzy

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular» diýen parasatly sözleri bize uzak asyrlaryň taryhy gatlarynda ylmyň, medeniýetiň ösmegi üçin uly işleri alyp baran şahsyýetleriň ylmy-döredijiligi hakynda gyzykly söhbet açmaga ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragy özünde ýaşap geçen Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Abu Aly ibn Sina ýaly ençeme beýik şahsyýetleriň atlary bilen bütin dünýä meşhur gadymy toprakdyr. Şeýle şahsyýetleriň iň görnüklileriniň biri-de beýik alym, matematik, algebranyň esasyny goýan, analitik geografiýanyň düýbüni tutujy Muhammet al-Horezmidir. Arap halklarynda Al-Horezmi, Ýewropada Algoritmus ady bilen meşhur bolan matematika, astronomiýa, lukmançylyk, geografiýa-geodeziýa, taryh ylymlaryna uly goşant goşan Muhammet ibn Musa al-Horezmi taryhdan mälim bolan maglumatlara görä, Köneürgenç topragynda doglan görnükli alymlaryň ilkinjisidir. 780-nji ýylda doglan beýik alym bütin ömrüni ylym-bilime bagyşlapdyr. Ol ýaşlygyndan başlap, öz döwründe bar bolan ylymlaryň hemmesi bilen deň derejede gyzyklanypdyr.

Geologiýa gözleg işleriniň derňewi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Nebitgaz pudagynda geologiýa gözleg işlerini amala aşyrmagyň esasy maksady nebitli, gazly ýataklary kesgitlemek, olaryň gor mukdaryny anyklamakdyr. Nebitiň we tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak biz ýaş hünärmenler üçin baş maksat bolup durýar. Gaz känlerindäki gözleg hem ulanyş guýularyndan egsilmez milli baýlygymyz bolan tebigy gazyň çykarylyşynda geologlaryň, geofizikleriň hyzmatynyň biçäk uludygyna göz ýetirýäris. Gaz guýularynda geçirilýän işleriň her biri gönüden-göni geologlaryň, geofizikleriň gözegçilikleri hem-de barlaglary esasynda häzirki zaman programma üpjünçilikleri arkaly amala aşyrylýar.

Ýaş nesil baradaky alada

Häzirki döwürde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy üçin uly tagallalar edilýär. Umumybilim berýän orta mekdepler ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary we tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Multimediýa tagtalarynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň gözýetiminiň has-da giňemegine ýardam edýär. Sapaklarda elektron serişdeleriň ulanylmagy okuwçylaryň giň möçberli maglumatlary kabul etmegine mümkinçilik berýär. ªeýle-de okuwçylar elektron kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan peýdalanýarlar. Bu bolsa çagalaryň okuwa, bilime bolan höwesini has-da artdyrýar. Ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar. Özleri barada edilýän aladalara jogap hökmünde ýaşlar Watanymyzyň  ösüşlerine mynasyp goşantlaryny  goşmaga çalyşýarlar.