Ylym äleminiň parlak ýyldyzy

15 Dekabr 2021
1951

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular» diýen parasatly sözleri bize uzak asyrlaryň taryhy gatlarynda ylmyň, medeniýetiň ösmegi üçin uly işleri alyp baran şahsyýetleriň ylmy-döredijiligi hakynda gyzykly söhbet açmaga ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen topragy özünde ýaşap geçen Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Abu Aly ibn Sina ýaly ençeme beýik şahsyýetleriň atlary bilen bütin dünýä meşhur gadymy toprakdyr. Şeýle şahsyýetleriň iň görnüklileriniň biri-de beýik alym, matematik, algebranyň esasyny goýan, analitik geografiýanyň düýbüni tutujy Muhammet al-Horezmidir. Arap halklarynda Al-Horezmi, Ýewropada Algoritmus ady bilen meşhur bolan matematika, astronomiýa, lukmançylyk, geografiýa-geodeziýa, taryh ylymlaryna uly goşant goşan Muhammet ibn Musa al-Horezmi taryhdan mälim bolan maglumatlara görä, Köneürgenç topragynda doglan görnükli alymlaryň ilkinjisidir. 780-nji ýylda doglan beýik alym bütin ömrüni ylym-bilime bagyşlapdyr. Ol ýaşlygyndan başlap, öz döwründe bar bolan ylymlaryň hemmesi bilen deň derejede gyzyklanypdyr.

Polat MUKYMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.