Ýaş nesil baradaky alada

9 Dekabr 2021
1842

Häzirki döwürde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy üçin uly tagallalar edilýär. Umumybilim berýän orta mekdepler ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary we tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Multimediýa tagtalarynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň gözýetiminiň has-da giňemegine ýardam edýär. Sapaklarda elektron serişdeleriň ulanylmagy okuwçylaryň giň möçberli maglumatlary kabul etmegine mümkinçilik berýär. ªeýle-de okuwçylar elektron kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan peýdalanýarlar. Bu bolsa çagalaryň okuwa, bilime bolan höwesini has-da artdyrýar.

Ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar. Özleri barada edilýän aladalara jogap hökmünde ýaşlar Watanymyzyň  ösüşlerine mynasyp goşantlaryny  goşmaga çalyşýarlar.

Intizar BEGENJOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.