Ylmy barlaglar — ösüşlere badalga

21 Dekabr 2021
1690

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz GurbangulyBerdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary döwrüň talabydyr. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, institutymyzda 2014-nji ýyldan bäri «Ösüş» ylmy-barlag merkezi hereket edýär. Bu merkez ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini guraýar hem-de amala aşyrýar. Onda ylmy-barlag işler professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

Gurbanbibi GURBANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.