Ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyryp
Garaşsyz ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Iş ýerlerini, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek durmuş syýasatynyň wajyp ugurlary hasaplanýar. Ilatyň girdejileriniň ýokary derejesini saklamak, ony hukuk, ykdysady, guramaçylyk taýdan üpjün etmek meselesi üns merkezinde saklanylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, taryhyny, demografik, durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. Döwlet býujetiniň köp bölegi tölegsiz umumy orta bilime we saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat, ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegleriniň pes derejesini saklamaga gönükdirilýär. Ilatyň ýaşaýşy üçin zerur harytlara, jemagat hyzmatlaryna elýeterli bahalar kesgitlenilýär. Türkmenistanda-da döwlet kömek pullary, pensiýa üpjünçiligi ulgamyny dö