Pyragy hem Arkadag — döwürlere şamçyrag

5 Awgust 2024
213

Şeýle at bilen TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy Şöhratgözel Amansähedowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda 2024-nji ýylyň — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösüşi, gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şeýle-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň edildi.