Awazadaky sapaly dynç alyş

5 Awgust 2024
158

gyzykly çäreler bilen dowam edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň çagalarynyň Hazaryň türkmen kenaryndaky dynç alşy dowam edýär. Olaryň gatnaşmagynda dynç günlerinde geçirilen çäreler deňiz ýakasyndaky we gämili gezelençlere baý boldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.