Hatamtaýdan-da jomart

4 Awgust 2024
97

Hatamtaýdan: «Heý, özüňden jomardrak adama sataşdyňyzmy?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol şeýle jogap beripdir: «Bir gün bir ýere barşyma ýolda bir ýetim gulamyň öýünde düşledim, onuň on goýny bar eken. Şolaryň birini öldürip, nahar bişirip, maňa getirdi. Men şol goýun etiniň bir ýerini iýip, örän haladym we: «Wallahy, etiň bujagaz ýeri örän tagamly eken» diýdim. Şonda ol gulam daş çykyp, goýunlaryny bir-birden öldürip, meniň şol halan ýerimi bişirip getirdi. Emma meniň mundan habarym ýokdy. Haçan-da, daşary çykyp atlanjak bolanymda görsem, öýüň ýanynda ep-esli gan dökülen eken. Men: «Bu näme?!» diýip soradym. Şonda: «Gulam hemme goýunlaryny öldürdi, bu ganlar şolaryňky» diýdiler. Men oňa käýedim: «Näme üçin beýle iş etdiň?» diýdim.

Şonda ol: «Men bir zadyň eýesi bolup, ol-da size ýarasa, şony size harçlamaga dözmesem, munuň özi peslik bolar» diýdi. Şonda Hatamdan: «Sen ol gulamyň hyzmatyna derek näme berdiň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Üç ýüz gyzyl ýüňli düýe, bäş ýüz goýun» diýipdir. «Onda sen jomardyrak ekeniň» diýenlerinde, Hatam: «Ýok beýle däl, ol bar zadynyň hemmesini berdi, men bolsam bar zadymyň azajyk bölegini oňa berdim» diýipdir.

Çeşme: «Baharystan» eserinden.