"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Durnukly ösüşiň kämil ugry Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmek bilen milli ykdysadyýetimize kämil ulgamy ornaşdyrmaklyga badalga berdi. 7 bapdan ybarat bu Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň häzirki ýagdaýy, öňünde durýan maksady hem-de wezipeleri kesgitlenendir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetmekde, elektron senagatyny ösdürmekde, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmekde bu Konsepsiýanyň ähmiýeti örän uludyr.

Döwletlilik ýörelgämiz ýol alýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen aýyň 25-inde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Döwletli maslahatda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoly, geljekki aýdyň maksatlar we wajyp wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiziň: «Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi» diýen sözleri biziň her birimiziň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwlete öwrülendigine güwä geçýän maglumatlara aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan geçendigini belledi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Durnukly ösüşleriň ýolunda

Ykdysadyýetiň gülläp ösýän ýerinde ýaşaýyş-durmuş ählitaraplaýyn özgerýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Türkmenistanyň ösüşleri durnukly häsiýete eýe bolýan kuwwatly ykdysadyýeti kemala geldi. Garaşsyz ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasyna laýyklykda öňe tarap ynamly gadam urýar. Bu guwandyryjy ýagdaýyň ýurdumyzyň senagat pudagyna hem degişlidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Senagatdaky gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşlerine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Milli Liderimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümleriniň döredilmeginiň il-ýurt üçin bähbitli bolandygyny Senagat işgärleriniň baýramynyň bellenilýän günlerinde buýsanç bilen belläsiň gelýär. Geçen gysga döwrüň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşlere gönükdirilen ugrunyň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze, döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Pudakda diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesi daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importuň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine,

Rowaçlyk getirýän maksatnamalar

Berkarar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça taryhy özgerişliklere beslemäge, döwletli Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bilim işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji milli Lider hökmündäki ýolbaşçylyk ukyp-zehininiň, syýasy pähim-paýhasynyň, eziz halkymyza, ata Watanymyza bolan çäksiz söýgi-sarpasynyň miwesidir. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirkizaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň m

Bedew batly ösüşleriň diýary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ykdysadyýeti belent sepgitlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli, häzirki zaman ýangyç-energetika, agrosenagat toplumy we gaýtadan işleýän senagaty, syýahatçylyk we gurluşyk ulgamy bolan güýçli depginler bilen ösýän, kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyz halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ägirt uly maýa goýumlaryny çekmekde we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmekde öz işjeňligini artdyrýar. Bu gazanylan üstünlikler ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen birlikde innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň netijesidir. Ýurdumyz taryh üçin uly bolmadyk wagtyň içinde özüniň azyk we energoüpjünçiligini we ykdysady howpsuzlygyny doly üpjün edýän ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz azyk önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, ylma daýanýan, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty ýurduň maliýe-karz ulgamynyň işjeňlik derejesiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyny we ähli babatda halkara talaplara laýyk gelmegini üpjün etdi. Maliýe-karz ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, dünýä we halkara maliýe-karz institutlary bilen gatnaşyklaryň täzeçe ýola goýulmagy ýurdumyzyň salgyt-býujet, pul-karz ulgamlarynyň ösüşine özüniň oňaýly täsirini ýetirdi.

Körpejäniň «mawy ýangyjy»

Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi gazy çykarmak, taýýarlamak we sarp etmek işini amala aşyrýar. Müdirligiň düzüminde önümçilik sehleriniň we ülüşleriň birnäçesi bar. Bu ýerde gaz çykaryş sehiniň esasy alyp barýan işi gazly guýulardan «mawy ýangyjy» bökdençsiz çykaryp, ony gaz taýýarlaýjy desgalara ýitgisiz eltmekden ybaratdyr. Sehde gazly guýularyň işleýşine yzygiderli gözegçilik edilip, wagtly-wagtynda degişli guramaçylyk-tehniki çäreler geçirilip durulýar. Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany

Dünýä döwletleriniň senagatlaşmagyny alamatlandyrýan we olaryň ähli ulgamlarda ýeten derejelerini açyp görkezmek üçin giň mümkinçilik döredýän «EKSPO» Bütindünýä sergisi halkara derejede hoşniýetli we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz ençeme ýyllardan bäri bu abraýly halkara çärä işjeň gatnaşyp gelýär. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň barşynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Milli Liderimiziň bu iş sapary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi.

Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçilikleri

Hakdan ýalkawly türkmen topragynyň üstünde bugdaýdyr gowaçaly meýdanlar, dowardyr düýeli ymgyr sähralar ýaýlyp ýatan bolsa, astynda «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» uly gorlary jemlenendir. Şol baýlyklary halkymyzyň we bütin adamzadyň eşretli ýaşaýşy üçin peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatyna uly orun degişlidir. Uglewodorod baýlyklarynyň gorlary we eksport möçberleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Watanymyzda öndürilýän tebigy gaz bu gün ýakyn-u-alys ülkelerde onlarça million öýlere ýagtylyk, ýylylyk, ýüzlerçe million ynsanyň kalbyna mähir paýlaýar, kuwwatly döwletleriň ykdysady çarhlarynyň güýjüne güýç goşýar. «Galkynyş» gaz käni — rysgal-berekediň tükeniksiz çeşmesi

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky dürli görnüşli karzlary almak üçin bankymyzyň onlaýn-ýüzlenme hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar! Siz günüň islendik wagtynda öýden çykman, bankymyzyň https://halkbank.gov.tm/ resmi web-saýtynyň üsti bilen karzlar barada sizi gyzyklandyrýan ähli soraglara jogap tapyp we karzy almak üçin zerur bolan resminamalary internetiň üsti bilen onlaýn görnüşinde ugradyp bilersiňiz!

Asudalygyň goragynda

Ýokary netije tagalla bagly Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen ili rahat, abadan durmuşda ýaşap, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýar. Milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň möçberli işler rowaç alýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Röwşen geljegiň rowaçlyklary

Ýurdumyz milli Liderimiziň täzeçillik syýasaty netijesinde öz ösüşiniň ýokary depginlerini saklaýar, jemi içerki önümiň öndürilişi yzygiderli artýar, halkyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetiň ýurduň garaşsyz ösüşi ýyllarynda gazanylan görkezijiler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini, bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini belläp geçdi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumyna ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek ýaly uzakmöhletleýin we tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt

Gazhimiýa toplumy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde: «Uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň şu sözlerinden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda himiýa senagaty hem-de onuň bilen dahylly pudaklar yzygiderli ösdürilýär. Gazhimiýa senagaty bolsa, onuň möhüm ähmiýete eýe bolan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Türkmen tebigatynyň eçilen bu baýlygyny tygşytly ulanmak, ony dünýä döwletlerine diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek ýurdumyzyň öňde goýýan möhüm maksatlarynyň biridir.

Ykdysady habarlar

«7/24.tm», № 41 (72),  10.10.2021. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatyndaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Netijede, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ösýär.

Ýagtylyk bilen ýagşylyk paýlap

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde elektrik energetikasy pudagy ägirt uly ösüşleri-özgerişlikleri başdan geçirýär. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçlygyň röwşen ýoluna düşen ýurdumyzyň milli elektrik energetikasy pudagynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Elektrik energetikasy pudagy ýurdumyzyň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hemaýatlary netijesinde ähli sebitler bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem täze, kuwwatly elektrik desgalary we beketleri gurlup, ulanmaga berildi. Milli maksatnamalarymyza laýyklykda elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi. Muňa hut şu ýubileý ýylymyzyň başynda eziz Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesi bilen birlikde Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Beýik ösüşler bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegi ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna şert döretdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçiliklerini, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna ýardam edýän şertleri has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen, durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli usullary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri sazlaşykly alnyp baryldy. Daşary ýurtly, şeýle hem ýurdumyzyň maýa goýumçylary üçin maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda işler netijeli alnyp barylýar. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň barşynda täze uly taslamalary amala aşyr

Sanly bank ulgamy ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem durnukly ösüşi üpjün etmek, bank işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen ilata ýokary hilli täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamyny ösdürmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny sanly ulgam arkaly ýeňilleşdirmek we täze kämil görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň sanly ulgama geçişiniň çaltlandyrylmagyna, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesini ýokarlandyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlady. Garaşsyzlyk halkymyzy eşretli durmuşa ýetirdi, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň depginli ösüşlerine uly itergi berdi. Nebitgaz pudagy hem Türkmenistanyň tiz hem güýçli depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, has takygy, nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek, uglewodorod pudagyny çig mal bilen üpjün etmek, onuň senagat ätiýaçlyklaryny artdyrmak maksady bilen, bäsdeşlige ukyply eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak pudakda esasy wezipeler bolup durýar.

7-nji oktýabr – Bütindünýä pagta güni

Pagta, esasan, dokma senagatynda iň köp ulanylýan materiallardan biridir. Tebigylygy bilen tapawutlanýan bu önüm 5 yklymyň 75 ýurdunda 100 milliondan gowrak maşgala girdeji getirýär. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä pagta güni pagta pudagy we onuň ykdysady ösüşde we halkara söwdasynda möhüm orny eýeleýändigini görkezmek maksady bilen geçirilýär. Pagta global haryt hökmünde taryhy ähmiýete eýe bolup, BMG-niň agza döwletleriniň birnäçesinde möhüm rol oýnaýar. 2003-nji ýylda Bütindünýä Söwda Guramasy pagta we pagta önümleri üçin bazara giriş mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin pagta başlangyjyny işläp düzdi.

Bi­le­lik­de ön­dür­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar

  Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­ni we üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny güýç­len­dir­mek, beý­le­ki ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ba­zar däl söw­da amal­la­ry­ny çäk­len­dir­mek we iri glo­bal teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga gi­ňiş­le­ýin çe­me­leş­mek üçin tran­sat­lan­tik hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.Bu yla­la­şyk ABŞ we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da söw­da we teh­no­lo­gi­ýa ge­ňe­şi­niň teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça iki gün­lük sam­mi­tiň çä­gin­de ge­çi­ri­len il­kin­ji mej­li­sin­de ga­za­nyl­dy. Pen­sil­wa­ni­ýa şta­ty­nyň Pitts­burg şä­he­rin­de bo­lup ge­çen sam­mi­te Döw­let sek­re­ta­ry En­to­ni Blin­ken, söw­da sek­re­ta­ry Ji­na Raý­mon­do, ABŞ-nyň söw­da we­ki­li Kat­rin Taý we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji wi­se-pre­zi­dent­le­ri Marg­ret Wes­ta­ger we Wal­dis Domb­rows­kis gat­naş­dy­lar.Bu sam­mit ABŞ we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hä­ki­mi­ýet­le­ri ta­ra­pyn­dan gat­na­şyk­la­ry di­kelt­mek we teh­no­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­di. Wa­şing­to­nyň we Brýus­se­liň ýo­ka­ry we­zi­pe­li ýol­baş­çy­la­ry eme­li aň üçin bi­le­lik­dä­ki ül­ňü­le­ri ös­dür­mä­ge, mik­ros­he­ma­la­ryň ýet­mez­çi­li­gi­niň üs­tü­ni dol­dur­ma­ga we işiň äh