Durnukly ösüşleriň ýolunda

13 Oktýabr 2021
1089

Ykdysadyýetiň gülläp ösýän ýerinde ýaşaýyş-durmuş ählitaraplaýyn özgerýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Türkmenistanyň ösüşleri durnukly häsiýete eýe bolýan kuwwatly ykdysadyýeti kemala geldi. Garaşsyz ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasyna laýyklykda öňe tarap ynamly gadam urýar. Bu guwandyryjy ýagdaýyň ýurdumyzyň senagat pudagyna hem degişlidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Senagatdaky gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşlerine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Milli Liderimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümleriniň döredilmeginiň il-ýurt üçin bähbitli bolandygyny Senagat işgärleriniň baýramynyň bellenilýän günlerinde buýsanç bilen belläsiň gelýär.

Geçen gysga döwrüň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşlere gönükdirilen ugrunyň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze, döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Pudakda diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesi daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importuň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Türkmenistan ozal agrar ýurt bolanlygyndan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýän ýurda öwrülýär. Çig malyň senagat taýdan işlenilmeginiň ýola goýulmagy bolsa girdejileri artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.