Rowaçlyk getirýän maksatnamalar

13 Oktýabr 2021
960

Berkarar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça taryhy özgerişliklere beslemäge, döwletli Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bilim işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji milli Lider hökmündäki ýolbaşçylyk ukyp-zehininiň, syýasy pähim-paýhasynyň, eziz halkymyza, ata Watanymyza bolan çäksiz söýgi-sarpasynyň miwesidir. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirkizaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň çygrynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn döredijilik zehinlerini we başarnyklaryny, sporta höwesini, ýokary hünär derejesini emele getirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Aýgözel RAHMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.