Bedew batly ösüşleriň diýary

13 Oktýabr 2021
853

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ykdysadyýeti belent sepgitlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli, häzirki zaman ýangyç-energetika, agrosenagat toplumy we gaýtadan işleýän senagaty, syýahatçylyk we gurluşyk ulgamy bolan güýçli depginler bilen ösýän, kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyz halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ägirt uly maýa goýumlaryny çekmekde we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmekde öz işjeňligini artdyrýar. Bu gazanylan üstünlikler ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen birlikde innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň netijesidir. Ýurdumyz taryh üçin uly bolmadyk wagtyň içinde özüniň azyk we energoüpjünçiligini we ykdysady howpsuzlygyny doly üpjün edýän ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz azyk önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär.

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, ylma daýanýan, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty ýurduň maliýe-karz ulgamynyň işjeňlik derejesiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyny we ähli babatda halkara talaplara laýyk gelmegini üpjün etdi. Maliýe-karz ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, dünýä we halkara maliýe-karz institutlary bilen gatnaşyklaryň täzeçe ýola goýulmagy ýurdumyzyň salgyt-býujet, pul-karz ulgamlarynyň ösüşine özüniň oňaýly täsirini ýetirdi.

Nurmämmet ALTYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.