"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Dünýäni gözellik halas eder»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkeli ýerleşdirildi. Şolaryň biri-de «Dünýäni gözellik halas eder» diýen ganatly jümläniň awtory, beýik rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskidir. Dünýä edebiýatynyň klassygy, ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä iň köp okalýan ýazyjylaryň biri Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1821-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda (11-nji noýabrynda) Moskwada dünýä inýär. 1837-nji ýylda geljekki ýazyjy dogany Mihail bilen Peterburga okuwa gidýär. Uçilişşede okan ýyllarynda ol edebiýat gurnagyny döredýär. F.Dostoýewskiý dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini çagalygyndan ürç edip okaýar. 1843-nji ýylda okuwyny tamamlan badyna meýdan inžener-serkerdesi bolup işläp başlaýar. Ýöne 1844-nji ýylyň tomsunda özüni tutuşlaýyn edebiýata bagyş etmek maksady bilen poruçik çininde ätiýaja çykyp, Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» eserini terjime edýär. Bu eser Dostoýewskiniň ilkinji neşir edilen edebi işi bolýar. Onuň 1845-nji ýylda tamamlan «Biçäreler» atly romany meşhurlyk gazanýar. «Daýymyň düýşi», «Stepançikow

Şu gün (Tymsal)

Öňde-de biri geljek baradaky aladalar zerarly durmuşyň hözirini görüp bilmeýändigi hakda halypasynyň ýanynda zeýrenipdir. Halypasy: — Ömrüniň birinji ýarymyny geljegi alada edip, ikinji ýarymyny bolsa geçmişde edilen işleriň ahmyry bilen geçirmek adamlaryň aglabasyna mahsus. Ynsan ömri dürli gymmatlyklar, surat eserleri saklanýan muzeýe çalym edýär. Sen Luwrda bolup görensiň-ä? — diýip, halypasy oňa soragly seredýär.

Milli mirasyň beýany

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrowyň «Türkmeniň egsilmez mirasy» atly ylmy makalalar toplumy «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy. O.Aşyrowyň täze kitaby gojaman taryhymyzyň bir ülşi bilen bagly. Kitapda gadymy we orta asyr taryhy çeşmeleriň üsti bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşy, umumy ruhy esaslary, medeni ösüşi, özboluşly milli häsiýeti açylyp görkezilýär. Alymyň täze kitabyny okasaň, şol döwrüň medeniýetine, ykdysady-syýasy ösüş aýratynlyklaryna çuňňur aralaşýarsyň.

«Magtymguly -- söz ummanynyň ägirdi» atly bäsleşige

Parasatly sözleri nesillere mekdepdir,Magtymguly Pyragy – ömrümiziň şahyry.Soňlanmajak mirasy geljegmize wesýetdir,Magtymguly Pyragy – ömrümiziň şahyryBatlanan Galkynyşly döwrümiziñ şahyry.

Magtymguly - şygryýet äleminiň baky çyragy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi.

Gelendir Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.Magtymguly Pyragy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Dana Pyragynyň ýadygärligi Asman-Zemin içre belent mertebe,Dana Pyragynyň ýadygärligi.Şygryýete, edebiýata mertebe,Dana Pyragynyň ýadygärligi.

Akyldaryň döredijiliginde şahsyýet meselesi

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen öçmez yz galdyran türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň edebiýat meýdanyna gelmegi hem-de onuň özboluşly şygryýet dünýäsi adamzadyň asyrlarboýy halk döredijiligidir ýazuw ýadygärliklerinde döreden edebi mirasyndan üzňe bolman, eýsem şahyryň döredijiligi şol eserler bilen aýrylmaz baglanyşyk saklaýar. Akyldar şahyryň şygryýet ummanynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Onuň parasatly sözleri ähli döwürleriň nesilleri üçin terbiýe mekdebidir.

Söz manysy

SaýylDilimiziň baý sözlük düzümi halkymyzyň çeper söze belent hormat-sarpa goýýandygyny görkezýär. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» gabat gelýän «saýyl» sözi hem nusgawy edebiýatymyzda ýygy-ýygydan duş gelýär. Saýyl — bu «mätäç, sergezdan, diwana» diýen ýaly manylarda gelip, edebi eserlerimizde kän ulanylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Kimlerde altyn täçdir, Kimler saýyl mätäçdir —

Bagbanyň begenji

(Hekaýa) Baharyň gelmegi bilen bagbanyň işleri hem has-da köpelýär. Muhammet aga-da ýaz aladaly bagban hökmünde her günde diýen ýaly bagynyň ownuk-uşak işleri bilen başagaýdy. Günorta arakesmesinde bagyň içindäki sekide oturyp, çaý içerdi, naharlanardy. Öýüniň gabadyndaky bir gektara golaý meýdany bag ekmek üçin kärendesine alan Muhammet aga her ýylda täze baglaryň hem birnäçesini oturdyp, olara ýeterlik ideg ederdi.

Dostluk hakynda pähimler

Dostluk iki bedende ýaşaýan bir jandyr.Aristotel. * * *Dostluk bolmasa adamlaryň arasyndaky aragatnaşygyň gymmaty hem bolmazdy.Sokrat.

Gündogaryň danasy

Gadymy türkmen Diýarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Şu günler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýäniň ençeme ýurtlarynda medeni-köpçülik dabaralary, ýokary derejedäki maslahatlar barha bat alýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy we bu şatlykly wakalaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen utgaşyp gitmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Baýramçylyk dabaralaryna halkymyz bilen bir hatarda, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan döwlet işgärleriniň, diplomatlaryň, alymlaryň, görnükli medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagy bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürlen we ýurdumyzda milli medeniýetimize, ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan ýokary sarpany aňladýan bu deňsiz-taýsyz başlangyjyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini has-da artdyrdy.

Tymsallar

Ýaşaýşyň çeşmesi Bir adam ömrüniň bütin dowamynda ýaşaýşyň çeşmesiniň gözleginde bolupdyr. Ol şol arzyly çeşmäni tapmagy we ony adamlar bilen paýlaşmagy arzuw edipdir. Ahyrsoňy bir gün ol ýaşaýşyň çeşmesini tapypdyr hem-de açgözlük bilen ondan içip ugrapdyr. Ol doýanyny-dolanyny bilmändir.

Pyragynyň heýkeliniň huzurynda

Magtymguly Pyragy Gündogaryň parlak ýyldyzy, söz äleminiň serweri. Dana Pyragynyň şygyrlary poeziýa binasynyň mermeri. Üstünden üç ýüz ýyl aşan setirler — umumadamzat nesliniň senasy. Sebäbi akyldar Magtymguly ynsan kalbynyň lukmany. Onuň Hakyň huzuryndaky mynajaty — berkarar döwletiň baky penasy. Ol ýagşy arzuw-niýetleri bilen türkmen ýurdunyň berkararlyk binýadyny berkitdi. Çünki ol sözüň güýji bilen köňülleri, ýürekleri, başlary birleşdirdi. Beýik heýkele serediň! Ol asman bilen zemin arasynda Ewerestden belent beýiklik bolup şugla saçýar. Bu şugla Hak ýoluna düşenlere hemişelik hemaýatkär. Ine, görüň, bu gün dana Pyragy Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ör-boýuna galdy. Beýik bina türkmen ruhunyň heýkeli bolup, örän alyslardan görnüp dur. Goşgy bilen gürlän akyldaryň daş-töwereginde umumadamzat edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan dünýä söz ussatlary hem bar. Bu bolsa beýik şahyryň 300 ýyllyk toýunyň şowhunyny öňküsinden-de artdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 17-nji maýy. Bu senede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dünýä akyldarlaryny bir supra jem eýlän dana Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen bu medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak ýaky

Arzyly arzuwlarymy arzylan ak şäherim

Ynsan ömri süýji ýatlamalar, ertire bolan umytlar, ajaýyp arzuwlardyr hyýallar bilen doly. Arzuwlar ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýar, güýjüňe güýç goşýar. Alymlaryň bellemegine görä, arzuw etmek adamyň pikirleniş ukybynyň ösmegine, öňünde maksat goýup, şol maksada tarap tutanýerli hereket etmegine ýardam berýär. Arzyly arzuwlaryň wysal tapmagy bolsa, kalbyňy joşduryp, göwün guşuňy ganatlandyrýar. Göwün guşunyň ganat ýaýyp uçmagy ruhubelentlige, ruhubelentlik hem ömrüň uzalmagyna getirýär. Arzuwlar hakynda gürrüň gozgalanda, orta mekdebi tamamlap, kalbymdaky ullakan arzuwlarymyň yzyna düşüp, ilkinji gezek ak şäherimiz Aşgabada — ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny tabşyrmaga gelşim ýadyma düşýär. Hatar-hatar ak mermerli binalar, gür baglyga bürenen, owadan köçeler kalbymda täsin duýgulary oýarypdy. Meniň bilen bu duýgulary birlikde paýlaşýan ejem janyň: «Ak zat alnyňa ýagşy!» diýip, ak mermerli binalary alnyna sylan pursady häli-häzirlerem hakydamda janlanýar.

Baky bagtyň şäheri

Ol — hyýal ýaly ajaýyp. Onda ähli arzuwlar hasyl bolýar. Aşgabat şäheriniň goýny-da ak arzuwlar ýaly, ak binalar bilen gurşalan. Oňa gadam basan ynsan özüni juda bagtyýar duýýar. Çünki onuň gujagy deňsiz-taýsyz gözelliklere beslenen. Onuň taryhynda niçeme ägirtler, halypalar, yhlasly şägirtler bar. Ol — heňňamlar içre heň çalan, asyrlaryň jümmüşine ýaň salan, yşkyň owazyna diň salan şäher. Ol — beýik maksatly säher. Şäheriň goýnundaky her bir ynsan päk säheri ynam bilen garşylap, her gün il bähbitli işi amal etmek ugrunda yhlas edýär. Uzak ülkelerde hem onuň tarypyny belentden ýetirýärler. Ol hakynda aýdylanlar görmedige arman, görene haýran ediji duýgulary eçilýär. Hut şonuň üçin, köpler bu şähere seýran etmegiň arzuwynda.

Halkymyzyň asylly gylyk-häsiýetleri

Magtymguly Pyragy özüniň görüm-görelde alarlyk kämil, baý we gymmatly döredijilik ýoly bilen şygryýet äleminde halkara derejede ykrar edilen şahyr. Beýik akyldar türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döredip, kämil döredijilik ýolunda gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, ahlak, edep-terbiýe garaýyşlaryny öňe sürüp, özüniň baý edebi mirasy bilen geljekki nesillere milli ruhy hazyna galdyran ussat. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip, beýik akyldaryň döredijiligine ýokary baha berýär. Çünki söz ussadynyň goşgularynda agzybir halkymyza asyrlarboýy mahsus bolup gelen belent adamkärçilik sypatlaryna, has takygy, milli gylyk-häsiýetlerimize aýratyn orun berilýär. Edil şonuň ýaly, dana Pyragynyň şygyrlarynyň içinden türkmen ýigitlerine mahsus bolan ähli häsiýetler hem eriş-argaç bolup geçýär. Beýik söz ussady Watanyň asudalygynyň, il-halkyň eşretli ýaşaýşynyň ugrunda janlaryny aýamadyk mert ýigitleri taryplap, olaryň abraý-mertebesini has hem belende göteripdir. Biziň bu aýdanlarymyza şahyryň: Namysly, gaýratly, arly goç ýigitSöweş güni gurban eder başyny —

Arkadag — türkmeniň Milli Lideri

Kämil paýhas bilen nurlandy eýýam,Arkadag — türkmeniň Milli Lideri!Oguz handan gaýdan milleti söýýänArkadag — türkmeniň Milli Lideri! Ýaşulyň paýhasy, ýaşlaryň dogmy,Jebisleşse — gudrat, ösdürýär döwri,Türkmen ýaýlasy deý owadan göwni,Arkadag — türkmeniň Milli Lideri!

Bedewiň waspy

Bedew — biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baş nyşanlarynyň birine öwrülip, Döwlet tugramyzda mynasyp orun aldy. Bedew — ýurdumyzyň beýik galkynyşynyň ganaty! Bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplaryny okan pursadyňda-da has äşgär göz ýetirýärsiň. Geçmişimiziň beýany bolan taryhyň gatlaryna ser salsaň, türkmeniň gamyşgulak bedewleri barada ençeme maglumatlara duşýarsyň. Türkmen bedewi özüniň çydamlylygy, wepalylygy, ynsanpisint gylyklary bilen tanalýar. Özünde şeýle häsiýetleri jemleýän milli gymmatlygymyza biziň şu günki günümizde hem uly hormat goýulýar. Türkmenler gapysynda kişňäp duran bedew atly, töründe ajaýyp halysy bolan halk hökmünde taryhda tanalypdyr. Hakykatdan hem türkmen bedewi diňe göz-guwanjymyz bolman, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. At — ynsan ýaly duýgur, düşbi. Ýaşyl öwüsýän baýyrlarda, düzlerde topar bolup otlap ýören atlar, edil ene mysaly, taýçanaklaryny del gözden gorap, olaryň rahat ulalmagyny isleýär.

Ýar senden

Ýaňaklary läläm, pisse dahanym, Men döner men, köňlüm dönmez ýar, senden.