Pyragynyň heýkeliniň huzurynda

22 Maý 2024
284

Magtymguly Pyragy Gündogaryň parlak ýyldyzy, söz äleminiň serweri. Dana Pyragynyň şygyrlary poeziýa binasynyň mermeri. Üstünden üç ýüz ýyl aşan setirler — umumadamzat nesliniň senasy. Sebäbi akyldar Magtymguly ynsan kalbynyň lukmany. Onuň Hakyň huzuryndaky mynajaty — berkarar döwletiň baky penasy. Ol ýagşy arzuw-niýetleri bilen türkmen ýurdunyň berkararlyk binýadyny berkitdi. Çünki ol sözüň güýji bilen köňülleri, ýürekleri, başlary birleşdirdi. Beýik heýkele serediň! Ol asman bilen zemin arasynda Ewerestden belent beýiklik bolup şugla saçýar. Bu şugla Hak ýoluna düşenlere hemişelik hemaýatkär. Ine, görüň, bu gün dana Pyragy Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ör-boýuna galdy. Beýik bina türkmen ruhunyň heýkeli bolup, örän alyslardan görnüp dur. Goşgy bilen gürlän akyldaryň daş-töwereginde umumadamzat edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan dünýä söz ussatlary hem bar. Bu bolsa beýik şahyryň 300 ýyllyk toýunyň şowhunyny öňküsinden-de artdyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 17-nji maýy. Bu senede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dünýä akyldarlaryny bir supra jem eýlän dana Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen bu medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy. Beýik binýatda görnükli söz ussadynyň «Türkmeniň», Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyrlarynyň ýazylmagy ýurdumyzda söz sungatyna goýulýan sarpanyň örän belentdigini alamatlandyrdy. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».