Gündogaryň danasy

22 Maý 2024
328

Gadymy türkmen Diýarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Şu günler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýäniň ençeme ýurtlarynda medeni-köpçülik dabaralary, ýokary derejedäki maslahatlar barha bat alýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy we bu şatlykly wakalaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen utgaşyp gitmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy.

Baýramçylyk dabaralaryna halkymyz bilen bir hatarda, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan döwlet işgärleriniň, diplomatlaryň, alymlaryň, görnükli medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagy bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürlen we ýurdumyzda milli medeniýetimize, ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan ýokary sarpany aňladýan bu deňsiz-taýsyz başlangyjyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini has-da artdyrdy.

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.