"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Türkmenistan Sährasynda güller reýhan,Gül-gunçaly jennet mekan.Pyragynyň arzuw eýlän,Ajap ýurdum Türkmenistan!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Söz mülküniň ussady Şan-şöhratyň külli äleme doldy,Söz mülküniň ussady sen, Pyragy!Bu gün at-abraýyň asmana galdy,Söz mülküniň ussady sen, Pyragy!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Pyragy Şygyrlaňda many-mazmun, ýakym bar,Sözi dür-merjene degen Pyragy.Berkarar döwletiň geldi akyldar,Ynsanlaň kalbyna siňen Pyragy.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Pähim-paýhas ummany Türkmen kalby şygyrlaňda aýdyňdyr,Hem geçmişiň, hem geljegiň çyragy,Her bir söziň köňüllerde aýdymdyr,Pähim-paýhas ummany sen, Pyragy!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Sözden dikilen bakylygyň heýkeli Şeýle bir älem ol — gözel, ajaýyp,Her setirde müň parasat, müň many.Kalplara öçmejek nuruny çaýyp,Täsin mukam, pähim-paýhas ummany.

Gez älemi, Arkadagym!

Il-güne adamdan ýagşy ýatlamalar galýar. Edil şonuň ýaly, ynsanyň özüne-de öz ömründen täsirli pursatlar ýoldaş bolýar. Hemişe täzelige, täsinlige ymtylýar adam. Bu barlyklar şahyrlarda hasam aýratyn ýüze çykýar. Onsoň, her kim dünýä seýil etmegiň, älem-jahany ýortup gezmegiň yşkynda. Akyldar şahyrymyz hem özge ýerlere syýahat etmegiň, zyýarat etmegiň arzuwynda bolupdyr. Şol ak arzuwlar bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda wysalyna gowuşdy, şahyryň ady dünýä aýlandy. Bu gün türkmen söwer şahyrynyň — akyldarynyň şanyna toý tutýar.

Halk kalbyndaky hazyna

«Halk — hazyna» diýilýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hem halkyň kalbynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen hazynanyň akyldaryň paýhasynda eýlenip, göwher derejesine ýetirilen görnüşi. Şonuň üçinem Pyragyny biziň gözümiz görüp ýörse-de, gözelligini duýup bilmeýän zatlarymyzdan ajaýyp eserleri döredýän suratkeşe meňzedesiň gelýär. Sebäbi akyldaryň eserleri biziň gündelik durmuşymyz barada, bu dünýäniň iň gymmatly zatlary hakda, edep-terbiýe, halallyk, geçmiş, geljek dogrusynda ussat şeýle bir gözel görnüşde bize hödürleýär welin, olardan ünsüňi sowmak mümkin däl. Ine, ussady ussat edýänem şeýle ukyplar. Hut şonuň üçinem akyldar şahyrymyzyň şygyrlary asyrlaryň dowamyndan ynamly gadam urmak bilen dünýä giňişligine seýrana çykýar. Halk paýhasyny, nakyllary we atalar sözlerini giňden ulanan Magtymguly halk diline ornan we häli-häzire çenli il arasynda giňden ýaýran anyk jümleleri döredipdir. Ol eserlerini halkymyzyň ruhy şöhlelenýän aýna öwrüpdir. «Ýagşy oguldan rahmet arygy akar», «Hergiz ýaman bilen bile bolmaňlar», «Watandan daş düşen istär mekanyn», «Ýamanyň zyýany iline ýeter», «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen», «Akylly az gürlär, gorkar tilinden», «Akyl adam söz başlamaz «men» bile», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez», «Ýagşy söze gulak salgyl», «Kitap okan gullar magnydan dokdur» ýaly setirlere ser salyp görüň. Olarda türkmeniň kalbynyň owazy bardyr. Olar göýä halkymyzyň terbiý

Magtymgulyşynas zenan

Häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini ylmy taýdan öwrenen alymlaryň halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda magtymgulyşynas alym Zylyha Bakyýewna Muhammedowa-da bar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda görnükli magtymgulyşynas, dilçi alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Türkiýäniň Türk dil Kurumu lingwistik jemgyýetiniň habarçy agzasy bolan Zylyha Muhammedowa barada käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmaklygy makul bildik. Zylyha çagalykdan kakasynyň öý kitaphanasyndaky Magtymguly Pyragynyň 1926-njy ýylda ýazyjy Berdi Kerbabaýew tarapyndan taýýarlanylan kitabyny ürç edip okaýar. Bu barada «Magtymgulynyň täsiri» atly makalasynda mekdebe baranda, eýýäm Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, olardan köp zatlary öwrenendigi, ylaýta-da, akyldaryň «Jahanda näler görüner» goşgusynyň özünde uly täsir galdyrandygy, başga-da mertlik, gahrymançylyk hakdaky goşgularyny köp okandygy barada aýdýar. Z.Muhammedowanyň dünýä edebiýatyny öwrenmekde, ajaýyp goşgulary labyzly okamakda görelde görkezen alymdygyny onuň bilen tanyşlygy bolan adamlaryň hemmesi bilýärdi.

Şygryýet

Göwün bagta imriner Watanym, men seniň bagtly perzendiň,Goýnuňda ömrüme artandyr gadyr.Arzuwdan, yhlasdan dörär her bendim,Durmuş garrylykdan etdirmez heder.

Ilkinji gazanç (Hekaýa)

Çaga wagtym ilki-ilkiler mamamyň pensiýasyna, soňra-da enemiň mekdep süpürip alýan ujypsyzja aýlygyna ulalamsoň, deň-duşlarymyňky ýaly geýnesim gelip, tomus möwsüminiň ilkinji aýynda daýhan birleşiginiň brigadiri Gurbannazar aganyň ýanyna baryp iş soradym. Ol loh-loh güldi-de: — Sen entek çaga ahyry. Saňa bolar ýaly iş ýok bizde — diýdi.

Nahal (Oýlanma)

Durmuş diýeniň täsinliklerden doly çeper film ýaly pursat-pursat bolup, hakydada galar barar ekeni. Kino lentasynyň kadrlaryna çalymdaş şol pursatlarda kimleriň keşbiniň galjakdygynyň käte seniň özüňe bagly bolmaýşy hem örän täsin. Göräýmäge, biziň durmuşymyz bilen hiç babatda baglanyşygy bolmaly däl ýaly welin, çagalygymyzy ýatlasam, mekdebe gidýän ýolumyzyň ugrunda ýaşaýan, haçan görseňem howlularynda bir zatlara güýmenip ýören Hasanaly aga göz öňüme gelýär. Ilki Hasanaly aga, soňam ikimiziň göýä uly bir zat tapan ýaly, goja bagbanyň beren nahalyny ekmäge howlugyp, haýdap gelşimiz. Ol bag henizem ösüp otyr. Şol çagalyk baharynyň gyzykly günleriniň birinde, hiç kim tabşyrmasa-da, özbaşymyza, bileje eken nahalymyz indi eslije boý alypdyr. Ony eken günümiziň ýatlamasy çagalyk ýatlamalarynyň islendigindenem tapawutlanýar diýsem, hiç kim ynanmasa-da, sen-ä «hä» diýäýseň gerek. Sebäbi ol gün beýleki günlerden düýpgöter üýtgeşikdi. Sebäbi ol gün ikimiz bileje nahal oturdypdyk.

Edebiýatçy alym

Öz manyly ömrüni edebiýaty öwreniş ylmyna bagyş eden alymlaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Geldiýewdir. G.Geldiýew 1942-nji ýylda Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty ugrundan bilim alýar. Soňra ýokary okuw mekdeplerinde mugallym bolup zähmet çekýär. Şol ýyllarda onuň ylma bolan yhlasy, höwesi artyp ugraýar.

Söze sygynýan ýazyjy

Ozal metbugatda çap bolan «Kitaplaryna garaşylýan ýazyjy» atly makalamda men başga ýurduň edebiýatçysy tarapyndan aýdylan «Türkmen prozasynyň Atajan Tagany» diýen jümläniň türkmen okyjysyny tolgundyrjakdygyny belläpdim. Sebäbi bu jümlede uly many bar, ol türkmen prozasynyň dünýä edebiýatynyň serhedine aralaşyp ugrandygyny aňladýar. Käbir edebiýatçylar dükanda ýatmaýan hem başga dillere kän terjime edilýän eserleri edebiýat serhedinden geçýän eserler hasaplaýarlar. Men şertiň ikisini-de makullaýaryn hem ol babatda Atajan Tagany ýazyjy hökmünde özünden diňe razy bolmak däl, eýsem, buýsanmaga-da hakly hasap edýärin. Çünki ýazyjynyň altmyş bäş müň nusga bilen türkmen, iki ýüz müň nusga bilen rus, otuz müň nusga bilen bolgar dilinde çap bolan «Saragt galasy», üç ýüz müň nusga bilen rus dilinde çap bolan «Keseki» romanlarynyň hyrydary kemlik etmändir. Atajan Taganyň kitaplarynyň özboluşlylygyny wenger edebi synçysy Islaý Zoltan «Nepsebadşag» gazetinde çap bolan makalasynda awtoryň millilige uly üns berýändigi bilen baglaýar. «Üstünde ýöreýändigiň üçin Ýeriň agramy ýokdur öýtmeli däl» diýen jümläniň özi ýiti pikirliligi bilen ünsi çekýär. Gowusy, ýazyjynyň gysgadan manyly jümleleriniň käbirine okyjylaryň özleri okap baha bersinler.

Saklanyp galan pursatlar

Gaýynatam Kakageldi Işangulyýew uzak ýyllaryň dowamynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplara edebiýat dersinden tälim berdi. Ol ýurdumyzda tanalýan ýazyjy-şahyrlar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýardy. Bu surat 1970-nji ýylda düşürilipdir. Suratda belli çagalar ýazyjysy Nury Baýramow, mugallym Kakageldi Işangulyýew, terjimeçi Wadim Sergeýew täze neşir ediljek eser barada özara pikir alyşýarlar.

Şota Rustaweli

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda gruzin şahyry Şota Rustaweliniň hem heýkeli bar. Meşhur «Gaplaň derisine giren pälwan» poemasynyň awtory, gruzin şahyry, döwlet işgäri Şota Rustaweliniň doglan ýeri, ene-atasy, familiýasynyň gelip çykyşy, nähili şertlerde önüp-ösendigi, durmuşy barada takyk maglumat ýok. Bu barada taryhçylar hem suwutly zat aýdyp bilenoklar. Şonuň üçinem Şota Rustaweliniň durmuşy baradaky maglumatlaryň aglabasy halk arasyndaky rowaýatpisint gürrüňlere esaslanýar.

Bilip goýsaňyz...

Dil dolanyşygymyzda öň bar bolup, wagtyň geçmegi bilen işjeňligini gowşadan, belki-de, ýiteňkirlän birnäçe sözler bar. Şol sözleri tapyp, ony aňladýan manysy bilen soňky nesillere ýetirmek ýaşuly nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu babatda alym Arkadagymyz «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda dilimiziň ýiteňkirlän sözlerini herekete getirip, bize nusgalyk ýol görkezdi. Bizem şu ýazgymyzda adamyň beden agzalary bilen baglanyşykly işjeňligini peselden käbir sözlere düşündiriş bermegi makul bildik. Zenehdan — eňegiň aşagyndaky çukurjyk. Bu söz nusgawy edebiýatymyzda, dessanlarda gözellik alamaty hökmünde getirilýär.

Terbiýe (Hindi tymsaly)

Bir adam haýwanat bagynda aýlanyp ýörkä, pilleriň saklanýan ýerinde täsin görnüşiň şaýady bolupdyr. Äpet pilleriň öň aýaklaryna daňlan inçejik ýüp sebäpli butnaman duruşlary ony örän haýran galdyrypdyr. Pillere esewan bolýan gözegçiniň golaýa gelenini görüp, onuň ýanyna barypdyr-da: — Göräýmäge, äpet piller galyň zynjyrda saklanaýjak ýaly, bularyň daňlan ýüpjagazy bilen daýawrak item saklatmasa gerek. Munuň syry nämede? — diýip, pikirini mälim edipdir.

Mertlik kyssasy

Döwletmämmet Azadynyň öňküligi ýokdy. Il-günüň azatlygyny gorap, döwlet gurmak niýeti bilen, owgana giden ogullary Abdylla bilen Mämmetsapanyň hat-habarsyz ýitmegi onuň ýüreginde öçmejek yz goýdy. Ýyllar kerwen gurap geçdi. Ondan bäri, gör, niçe ýükli kerwenler Hajygowşan obasynyň orta gürpünden dähedem-dessemläp geçip gitdi?! Ýöne Abdylla bilen Mämmetsapadan welin  gördüm-bildimli  habar gowuşmady. Eziz doganlarynyň aýralyk dagy Magtymgulyny hem juwan ýaşynda otsuz-ýalynsyz çirkizdi. Bu jydalyk onuň joşgundan doly ýüreginde hasratly şygyrlary döretdi. Magtymgulynyň  bu döreden şygyrlary, dogrusy, özüniň içki gam-gussasy bolman, il-günüň erkinligi ugrunda ömür tanapy üzülen gerçekleriň mertligine dikilen ruhy heýkeldi. Magtymguly bu hakykaty şygryň dilinde şeýle beýan etdi: Ahmet patyşadan habar almaga,Umyt etdi iller Çowdur han üçin,Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

MAGTYMGULY

Ýüzi mahy-tabanym,Gün ýaly Aýa döndi.Çarh oldy nerdiwanym, Gök paýa-paýa döndi.

Mesgen tutmuş belent dagyň burnunda...

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen türkmen paýtagtynyň barha täzelenýän keşbine gözellik çaýýar. Tebigy belentlikde dikilen dünýä akyldarynyň bürünç heýkeli dana halkymyzyň söz sungatyna goýýan belent sarpasynyň nyşany hökmünde kalplarymyza ganat berýär. Haktagala tarapyndan gudratyna keramat-käni berlen sözüň güýji, onuň bakylygy adamzat döräp, asyrlardan-asyra ykrar edilen beýik hakykatdyr. Jaýdar aýdylan pähim-parasatly sözler älem pelegini ýagtyldyp duran Gün mysaly baky.