Terbiýe (Hindi tymsaly)

6 Iýun 2024
271

Bir adam haýwanat bagynda aýlanyp ýörkä, pilleriň saklanýan ýerinde täsin görnüşiň şaýady bolupdyr. Äpet pilleriň öň aýaklaryna daňlan inçejik ýüp sebäpli butnaman duruşlary ony örän haýran galdyrypdyr. Pillere esewan bolýan gözegçiniň golaýa gelenini görüp, onuň ýanyna barypdyr-da:

— Göräýmäge, äpet piller galyň zynjyrda saklanaýjak ýaly, bularyň daňlan ýüpjagazy bilen daýawrak item saklatmasa gerek. Munuň syry nämede? — diýip, pikirini mälim edipdir.

Rus dilinden terjime eden Ajap RÜSTEMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.