Gez älemi, Arkadagym!

6 Iýun 2024
383

Il-güne adamdan ýagşy ýatlamalar galýar. Edil şonuň ýaly, ynsanyň özüne-de öz ömründen täsirli pursatlar ýoldaş bolýar. Hemişe täzelige, täsinlige ymtylýar adam. Bu barlyklar şahyrlarda hasam aýratyn ýüze çykýar. Onsoň, her kim dünýä seýil etmegiň, älem-jahany ýortup gezmegiň yşkynda. Akyldar şahyrymyz hem özge ýerlere syýahat etmegiň, zyýarat etmegiň arzuwynda bolupdyr.

Şol ak arzuwlar bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda wysalyna gowuşdy, şahyryň ady dünýä aýlandy. Bu gün türkmen söwer şahyrynyň — akyldarynyň şanyna toý tutýar.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.