Nahal (Oýlanma)

6 Iýun 2024
289

Durmuş diýeniň täsinliklerden doly çeper film ýaly pursat-pursat bolup, hakydada galar barar ekeni. Kino lentasynyň kadrlaryna çalymdaş şol pursatlarda kimleriň keşbiniň galjakdygynyň käte seniň özüňe bagly bolmaýşy hem örän täsin. Göräýmäge, biziň durmuşymyz bilen hiç babatda baglanyşygy bolmaly däl ýaly welin, çagalygymyzy ýatlasam, mekdebe gidýän ýolumyzyň ugrunda ýaşaýan, haçan görseňem howlularynda bir zatlara güýmenip ýören Hasanaly aga göz öňüme gelýär. Ilki Hasanaly aga, soňam ikimiziň göýä uly bir zat tapan ýaly, goja bagbanyň beren nahalyny ekmäge howlugyp, haýdap gelşimiz.

Ol bag henizem ösüp otyr. Şol çagalyk baharynyň gyzykly günleriniň birinde, hiç kim tabşyrmasa-da, özbaşymyza, bileje eken nahalymyz indi eslije boý alypdyr. Ony eken günümiziň ýatlamasy çagalyk ýatlamalarynyň islendigindenem tapawutlanýar diýsem, hiç kim ynanmasa-da, sen-ä «hä» diýäýseň gerek. Sebäbi ol gün beýleki günlerden düýpgöter üýtgeşikdi. Sebäbi ol gün ikimiz bileje nahal oturdypdyk.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.