"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we dost-doganlygyň waspy

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna döredijilik sowgady Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatdaky çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Milli Liderimiz şanly sene mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy bellenildi. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Röwşen geljegiň çelgisi

Dünýäde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän parasatly döwlet Baştutanymyzyň uly goldawa eýe bolan «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň aňyrsynda Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça ynsanlaryň bagtly durmuşyny, sagdyn geljegini, arzuw-hyýallaryny özünde jemleýän ymgyr many ýatandyr. Eziz Diýarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegi bilen parahatçylyk arkaly durnukly ösüşiň mizemez hukuk binýady emele geldi. Bu hukuk binýadynyň syýasy, ykdysady we gumanitar ugurlarynyň netijeli alnyp barylmagy ýurdumyzyň ähli pudaklarynda has belent sepgitlere ýetmäge, aýdyň maksatlara aralaşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Hemişelik Bitaraplyk berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşini we asudalygyny, bagtyýar halkymyzyň abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär.

Bitaraplyk baýramynyň dabaralary

12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeginde guralan dabaraly baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe boldy. Şöhratly pederlerimiziň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik ýörelgelerine esaslanyp gazanylan Bitaraplygymyzyň indi birnäçe ýyldan bäri halkara derejesinde baýram edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ýurdumyzyň bu beýik derejesi giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny, Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk senesini giňden dabaralandyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri Watanymyzyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň, raýatlarymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň aňlatmasyna öwrüldi. Senenamamyzda aýratyn orun alan bu milli baýramymyz gadymy Lebap ilinde-de aýratyn buýsanç, uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Şol gün baýramçylyk dabaralary ir säherden Türkmenabat şäherindäki Baş Baýdak meýdançasyndan başlandy. Bu ýerde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulularymyz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna,Beýik Zeminiň hakyna,Saklanalyň, adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) JEMLEÝJI RESMINAMASY

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp; Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna,Beýik Zeminiň hakyna,Saklanalyň, adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!

Beýik baýramyň şanyna

12-nji dekabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy giňden bellenilip geçildi. Aşgabat şäheri bolsa esasy baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylan merkezine öwrüldi. Şanly sene mynasybetli ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi milli Liderimiziň halkara giňişliginde alyp barýan, ynsanperwerlige we parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatynyň uly gyzyklanma we giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «12-nji dekabr — Halkara bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi bilen bolsa indi halkymyz üçin mukaddes bolan bu şanly sene diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Ýer ýüzünde hem parahatçylygyň baýramy hökmün

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp; Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Türkmenistan — BMG: ösüşlere beslenýän hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň netijelerine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň 29 ýyllyk tejribesinde, taryh üçin uly bolmadyk döwrüň içinde ösüşe gönükdirilen umumadamzat bähbitli netijeli işler ýerine ýetirildi. Soňky on ýylyň içinde dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşip, giň gerime eýe boldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň miweleri hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 26 ýyllyk tejribesinde aýdyň şöhlelenýär. Türkmen Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri, häzirki döwri we geljegi umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşykly, çünki hemişelik Bitaraplygyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «12-nji de

Eziz Diýar — gözlerimiziň röwşeni

Beýik özgertmeleriň, köpugurly üstünlikleriň, şanly wakalaryň senesi hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ahyrlap barýar. Bu rowaç ýylda ýurdumyzyň, baş şäherimiz Aşgabadyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini, şeýle hem ýaňy-ýakynda uly joşgun bilen baýram edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny görkezmek bolar. Ýylyň dowamynda yzygiderli gurlup ulanylmaga berlen binalar paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol desgalar halkymyzyň bagtyýar zamanamyzda asuda we eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Her bir şanly senede, uludan tutulýan toý-baýramlarymyzda ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramçylyk lybasyna beslenýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde paýtagtymyzyň ähli ýerlerini «Baýramyňyz gutly bolsun!», «Bitarap Türkmenistana 26 ýyl» ýaly ýazgylar bezedi.

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň beýik baýramy

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi Gözbaşyny halkymyzyň milli ýörelgelerinden alyp gaýdýan ýurdumyzyň hoşniýetli Bitaraplyk taglymaty tutuş dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň hem-de onuň şanly senesiniň dünýä jemgyýetçiliginde gymmatlyk derejesine ýetirilendigine Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde giňden bellenilýändigi aýdyň mysaldyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary kalplary joşly ildeşlerimiziň ýürek şatlygyny goşalandyrdy. Bu özboluşlylyk ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giň häsiýete eýe boldy. Welaýatymyzyň merdana halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar babatda ösdürmäge degişli işlere işjeň goşulyşmak bilen, ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna halal hem tutanýerli zähmet çekýärler, toý-baýramlary üstünlikli garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýan ildeşlerimiz dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly häsiýete eýe bolan belent tutumlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar

Göwünlere nur çaýýan baýram

Mähriban Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýaran eden hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldap, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen welaýatymyzyň agzybir hem zähmetsöýer halky Halkara Bitaraplyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyny ýokary ruhubelentlige beslediler. Baýramçylyk gününiň joşgunly çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy. Buýsançly ýaňlanan Döwlet senasynyň mukamy astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyrylandan soň, bu ýerde baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenista-nyň halkyna iberen Gutlagy ýygnananlarda uly ruhubelentlik döretdi. 

Baky bagtymyza buýsanjyň güwäsi

Mundan 26 ýyl öň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ykrar edildi. Şondan bäri her ýyl ýurdumyzda döwlet derejesinde Bitaraplyk baýramy dabaraly bellenilýär. Halkara Bitaraplyk güni bu ýylam uly çärelere beslendi. Baýramçylygyň şanyna geçirilen dabaraly maslahatlar muňa aýdyň şaýatlyk etdi. Welaýat häkimliginiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýatyndaky wekilhanasy hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçiren maslahaty hem şolaryň biri boldy. «Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtymyz» ady bilen geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklarda özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklaryna we borçlaryna doly eýerýändigi, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri üçinem özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy Watanymyzyň goşa ganatyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bagtyýar durmuşymyzyň, eşretli ýaşaýşymyzyň sakasynda durýan eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Buýsançly senäniň dabarasy

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýyl diňe bir belent sepgitlere däl, eýsem, taryhy wakalara baý ýyl boldy. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýlary şanly ýylymyzyň şöhratyna şöhrat goşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaç alýar. Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzyň çar künjeginde dabarasy dag aşan Halkara Bitaraplyk güni — baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramçylygynyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da şatlyk-şowhuna beslendi. Şu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk çäresi Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirildi. Oňa welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Bagtyýarlygyň binýady

Biziň agzybir hem zähmetsöýer halkymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň toýuny dabaraly belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi dünýä halklary bilen dost-doganlyk, goňşuçylyk, hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň daýanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň asudalykda, agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň örän uly ähmiýete eýedigine oňat göz ýetirýäris.