Eziz Diýar — gözlerimiziň röwşeni

13 Dekabr 2021
1387

Beýik özgertmeleriň, köpugurly üstünlikleriň, şanly wakalaryň senesi hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ahyrlap barýar. Bu rowaç ýylda ýurdumyzyň, baş şäherimiz Aşgabadyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini, şeýle hem ýaňy-ýakynda uly joşgun bilen baýram edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny görkezmek bolar. Ýylyň dowamynda yzygiderli gurlup ulanylmaga berlen binalar paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol desgalar halkymyzyň bagtyýar zamanamyzda asuda we eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Her bir şanly senede, uludan tutulýan toý-baýramlarymyzda ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramçylyk lybasyna beslenýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde paýtagtymyzyň ähli ýerlerini «Baýramyňyz gutly bolsun!», «Bitarap Türkmenistana 26 ýyl» ýaly ýazgylar bezedi.

Akmaral PAŞYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.