Baky bagtymyza buýsanjyň güwäsi

13 Dekabr 2021
1440

Mundan 26 ýyl öň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ykrar edildi. Şondan bäri her ýyl ýurdumyzda döwlet derejesinde Bitaraplyk baýramy dabaraly bellenilýär. Halkara Bitaraplyk güni bu ýylam uly çärelere beslendi. Baýramçylygyň şanyna geçirilen dabaraly maslahatlar muňa aýdyň şaýatlyk etdi. Welaýat häkimliginiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýatyndaky wekilhanasy hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçiren maslahaty hem şolaryň biri boldy.

«Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtymyz» ady bilen geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklarda özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklaryna we borçlaryna doly eýerýändigi, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri üçinem özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy Watanymyzyň goşa ganatyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bagtyýar durmuşymyzyň, eşretli ýaşaýşymyzyň sakasynda durýan eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».