Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň beýik baýramy

13 Dekabr 2021
1609

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Gözbaşyny halkymyzyň milli ýörelgelerinden alyp gaýdýan ýurdumyzyň hoşniýetli Bitaraplyk taglymaty tutuş dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň hem-de onuň şanly senesiniň dünýä jemgyýetçiliginde gymmatlyk derejesine ýetirilendigine Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde giňden bellenilýändigi aýdyň mysaldyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary kalplary joşly ildeşlerimiziň ýürek şatlygyny goşalandyrdy. Bu özboluşlylyk ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giň häsiýete eýe boldy. Welaýatymyzyň merdana halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar babatda ösdürmäge degişli işlere işjeň goşulyşmak bilen, ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna halal hem tutanýerli zähmet çekýärler, toý-baýramlary üstünlikli garşylaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýan ildeşlerimiz dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly häsiýete eýe bolan belent tutumlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Muny göwün galkyndyryjy dabaralaryň ajaýyp pursatlary dolulygyna açyp görkezdi.