"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Parahatçylyk simfoniýasy»

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygrynyň täsirinden dörän pikirler Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde bolan dabarada hormatly Prezidentimiziň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyny ilkinjileriň biri bolup, onda-da öz okamagynda diňlemegiň täsiri meni henizem öz goýnundan goýberenok. Munuň özi, megerem, sözde üýtgeşik bir jadynyň, gudratyň bardygyndandyr. Elbetde, beýle täsirlilik her bir söze mahsus däl. Onuň üçin söz Beýik Ynsanyň kalbyndan çykmaly. Ol gudratly täsiri süňňüň bilen syzmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň dünýäsine aralaşmak ýeterlik. Ol güýç, ol täsir milli Liderimiziň eserleriniň ýürekden çykýandygynda. Ýürekden çykyp, ýüreklere ýol salýandygynda.

Bitaraplygyň beýik senasy

12-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde bolan baýramçylyk dabarasynda täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyny okap bermegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Beýik maksatlara we asuda durmuşa ruhlandyrdy. Öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa we başga-da birnäçe sungat ussatlary çykyş edip, türkmen bitaraplygynyň ýeten belent derejeleriniň bu günki günde bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň täze «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly çuň many-mazmunly, şahyrana-filosofiki şygrynyň dünýä halklaryny agzybirlige, jebislige, dostluga, baky parahatçylyga çygyrýandygyny we ýaş nesilleri terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny şeýle atlandyrdy

Bu günki gün dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistan Diýarymyzyň ornuna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly mümkinçiligi dünýä ykraryna eýe boldy. Munuň şeýledigine ýurdumyzda parahatçylygy berkitmek, halklaryň ykbalyna täsir edýän meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maslahatlary geçirmek üçin dünýäniň çar künjünden myhmanlaryň Garaşsyz Diýarymyzda yzygiderli jemlenip durmagy hem şaýatlyk edýär. 11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat hem şu ynamly nazarlaryň guwandyryjy görkezijisidir. Oňa beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bir hatarda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowyň gatnaşmagy diňe bir maslahata berilýän ünsüň ýokarydygynyň subutnamasy bolman, eýsem, Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýynyň guwandyryjy görkezijisidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemlän bu maslahatyň dowamynda milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durlup geçilmek bilen bir hatarda, ýaky

Binýatlyk ýörelgeler

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjiligi we hoşniýetli goňşuçylygy, deňhukuklylygy we adalatlylygy hemmetaraplaýyn üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan daşary syýasatda özüniň milli bähbitleri bilen bilelikde ählumumy adamzat gymmatlyklaryny, dünýä jemgyýetçiliginiň maksatlaryna jogap berýän tagallalara mynasyp goşant goşýan we parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş babatynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy derejesinde dünýäde ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir we onuň daşary syýasatynyň esasynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri goýlandyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk ýagdaýdyr.

Parahat durmuş — nesilleriň abadançylygy

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi, nesilleriň abadançylygy parahat durmuşyň üpjün edilmegi, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Halkymyzyň beýik ýaşaýşyň ykrarnamasy hökmünde kabul edip we asyrdan-asyra geçirip gelen ýörelgeleri synmaz milli ruhuň röwşen nury bolup, nesilleri döredijiligiň köpugurly ösüşlerine gönükdirýär. Aslynda, türkmen milleti diňe beýik ýaşaýşa, barlyga, ösüşe, döredijilige, abadançylygyň we parahat durmuşyň zerurlyklaryna gulluk edýän gymmatlyklary kabul edip, olary her bir nesliň taryhy tejribesi bilen baýlaşdyryp, geljek nesle geçiripdir. Dowamatyň-dowam bolmagynyň hatyrasyna guran, döreden halkymyzyň nurly dileg-dogalary durmuşa bolan egsilmez söýgä we kämil döredijilige siňip, bu mährem Diýarda ýaşaýşyň ebedilik kanunyna öwrülip gidipdir. Şol ýol-ýörelge bilen nesil terbiýelän halkymyz bu gün oňyn Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty —

Ösüşiň aýdyň ýoly

Häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň hem-de jemgyýetiň döwrebap ösüşi dünýäniň durnukly ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi, ýurduň halkara syýasy giňişliginde özüniň eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmegini, dünýä döwletleri we halkara düzümleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmagyny şertlendirýär. Çünki nazary taýdan içerki syýasatyň dowamy bolan döwletiň oýlanyşykly daşary syýasy ugry onuň döwrebap ösüşini ileri tutmak bilen birlikde, häzirki ösüş şertlerinde halkara durmuşynyň gün tertibinde durýan wajyp soraglaryň bilelikde, ählumumy çemeleşmäniň esasynda amal edilmegine gönükdirilýär. Şunda hususan-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki zaman şertlerinde ynsanperwer ýörelgelere berk eýermek arkaly ählumumy ykrar edilýän halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly hukuk görnüşini we täze ýörelgeleýin nusgasyny emele getirýär. Döwletimiziň bu gün dünýä syýasatynda mynasyp orny, daşary syýasatyna mahsus bolan özboluşly ýörelgeleri, ugry bar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn halkara başlangyçlary Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň özboluşlylygyny we döredijilikli häsiýetini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge, halkara gatnaşyklarynda dünýäniň parahatçylygyna, howpsuzlygyna, durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmaga giň ýol açýar. Şu nukdaýnazardan, halkymyz milli Garaş

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna, Beýik Zeminiň hakyna, Saklanalyň, adamlar!

Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň mizemez gymmatlygydyr

Paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýere ýygnananlar mähriban Arkadagymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Dabaraly ýagdaýda halkara forumy açyk diýlip yglan edilýär. Milli Liderimiz halkara maslahatynyň dabaraly mejlisine gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, hemmelere foruma gatnaşýandygy hem-de köpugurly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tekliplerini we pikirlerini alyşmaga taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň maslahatymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady (döwlet Baştutanymyzyň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen sy

Türkmeniň taryhy geçmişiniň ak ýoly

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwlet syýasatyny halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkitmegiň möhüm binýady hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan giň gerimli çäreler taryhy ähmiýetli wakalara beslendi. Halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Oňa Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy bu medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Dabarada mähriban Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny, bu gün bolsa bir supranyň başynda jem bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk toýunyň toýlanýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, onuň mähriban Watanymyz, sebitiň ýurtlary we umumadamzat üçin ähmiýeti barada näçe aýtsaň hem az. Taryha ser salanyňda, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi baradaky maglumatlaryň köpdügini nygtamak gerek. Milli Liderimiz taryhda halkymyzyň milli ruhy bitewüliginiň, iň asylly häsiýetleriniň, ýörelgeleriniň, häzirki döwürde dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, halkymyza mahsus bolan türkmençilik, ilimiziň milli aýratynlygy, türkmen ha

Baky Bitaraplygyň senasy

Türkmen halky dünýä halklary bilen bilelikde 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününi uly baýram hökmünde belläp geçdi. Adamzadyň baýramçylyk senenamasyna girizilen Halkara Bitaraplyk güni halkymyzyň dünýä gymmatlyklarynyň hataryna beýik goşandydyr. Bu taryhy goşant çuňňur mazmuna eýe bolup, Bitaraplyk adamzat üçin görkezilýän täze bir taryhy ýoldur. Onuň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň belent taryhy şahsyýeti durýar. Dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözünde söz sungatyna aýratyn orun berdi. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň taryhy şahsyýetleriniň, söz ussatlarynyň bitiren hyzmatlaryna baha berip, şeýle diýdi: «Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslar, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler». Şeýle beýik baha: Ýaraşsyn ýagy illeriň,Açylsyn batyl ýollaryň

Hormatly Prezidentimiz gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny bellediler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp binanyň ýanynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar. Dabara “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde SÖZLÄN SÖZI

(2021-nji ýylyň 12-nji dekabry) Hormatly adamlar!

Arkadagyň Bitaraplyk taglymaty

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Arkadagyň Bitaraplyk taglymaty — milli ýol-ýörelgeleriň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, döredijilik, ylym we bilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň aýratynlygy, onuň milli ýörelgelere, ynsanperwerlige, dost-doganlyga hem-de parahatçylyk söýüjilige esaslanýandygy hakynda çuň manyly çykyşlara giň gerim berildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu milli baýramyň halkara derejesine eýe bolandygy hakynda buýsanç bilen bellenildi.

Watan gymmatlygy

Bitaraplyk. Parahatçylyk. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many bar. Bu sözler halkyň öz ykbalyny, öz geljegini özi kesgitlemek bagtynyň kepili. Mundan ýigrimi alty ýyl öň, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolandygymyzy dünýä ýüzüne jar eden sene Türkmenistanyň agzybir il-ulsunyň baky bagtyň röwşen ýoluna düşen güni hökmünde halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedilik ýazyldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň içinde amala aşyrylan we badalga berilen işleri, ösüşleri, özgerişleri seriňde aýlanyňda, baky Bitaraplygymyzyň miwesi bolan parahatçylygyň gymmaty has aýdyň görünýär. Hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyz halky öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri amala aşyrmagyň täze başlangyç nokady bolup, her birimiziň ykbalymyzyň nurly sahypasyna öwrüldi.

Bitaraplyk — parahatlyk binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene ajaýyp döwrümizde täze many-mazmuna eýe bolup, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim we medeni ojaklarynda bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerimde dowam edýär. Biz hem etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk binasy ― bagtyýarlyk senasy» atly döredijilik hem-de surat bäsleşiklerini yglan etdik. Mekdep okuwçylarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň eçilen miwelerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlaryny, halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk baradaky arzuwlaryny, eşretli döwrümizi wasp edip döreden goşgulary döredijilik bäsleşigine gatnaşýanlaryň baýramçylyk ruhuny galkyndyrdy. Ýaş sungaty söýüjiler geçen 26 ýylyň içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini öz surat eserlerine inçelik bilen siňdirmegi başarypdyrlar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, ösüşlere beslenýän döwrümize bolan buýsanjyň has-da artýar. Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri wasp edýän baýramçylyk sergisi hem kalbyňy joşa getirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi

(2021-nji ýylyň 12-nji dekabry) Hormatly adamlar!

Bitaraplyk syýasaty we ekologiýa abadançylygy

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň möhüm talaby. Bu babatda ýurdumyz halkara guramalary, dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan wezipeleriň hatarynda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge hem uly üns berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde SÖZLÄN SÖZI

(2021-nji ýylyň 12-nji dekabry) Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!

«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp; Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;