Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň mizemez gymmatlygydyr

16 Dekabr 2021
1405

Paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu ýere ýygnananlar mähriban Arkadagymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Dabaraly ýagdaýda halkara forumy açyk diýlip yglan edilýär. Milli Liderimiz halkara maslahatynyň dabaraly mejlisine gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, hemmelere foruma gatnaşýandygy hem-de köpugurly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tekliplerini we pikirlerini alyşmaga taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biziň maslahatymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady (döwlet Baştutanymyzyň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn.